Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ABŞ-nyň raýatlaryna garşy çäre ulanmak haýbatyny atdy


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Kongresiniň Orsýetiň resmileriniň bu ýurda syýahatyny çäklendiriji çäreleri girizen halatynda, Orsýetiň-de käbir amerikan raýatlaryna garşy şeýle çäreleri girizjekdigini aýdyp, duýduryş berdi.

Bu barada Wladimir Putin G-20 toparynyň Meksikoda geçiren sammitiniň yzýany eden çykyşynda belledi.

ABŞ-nyň Kongresi 2009-njy ýylda tussaglykda aradan çykan ýurist Sergeý Magnitskiniň ölümine dahylly diýlip hasaplanylýan orsýetli resmilere garşy sanksiýalary girizmekligi planlaşdyrýar.

Häzirki wagt bu baradaky kanunyň proýektine ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde garalýar.
XS
SM
MD
LG