Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz welaýatynda barha artýan jedel


Gyrgyz ýetginjekleri Juma namazy mahalynda (arhiwden).

Gyrgyz ýetginjekleri Juma namazy mahalynda (arhiwden).

Sairakan Baljyrowanyň ýaşaýan ýerinden sowa ýeri göz öňüne getirmek aňsat däl. Bu garry ene Gyrgyzystanyň Hytaý serhediniň golaýynda ýerleşýän daglyk obasy bolan At-Başyda ýaşaýar.

Ýöne ýaşýan ýeri nähili sowa bolsa-da, Baljyrowa häzir Naryn welaýatynda barha artýan bir jedeliň edil jümmüşinde. Jedel 10 ýaşyndaky çagalary 10 ýyldan hem uzak möhletli dini okuw üçin Bangladeşe ibermek barada.

Baljyrowanyň 5-nji klasa ýaňy başlan agtygy Ulan 8 aý mundan ozal bir medresede okamak üçin Bangladeşe gidipdir. Garry ene onuň bilen telefon arkaly wagtly-wagtynda gürleşýändigini, kämahallar hem oňa posylka iberýändigini aýdýar.

"Meniň agtygym ýene 12 ýyldan gelýär. Aradan ýaňy 8 aý geçdi. 5-nji klasa ýetenlerinde, men beýleki agtyklarymy hem ibermegi planlaşdyrýaryn” diýip, Sairakan aýdýar. “Milli howpsuzlyk komitetiniň bir işgäri gelip, düşündiriş üçin sorag baryny berip, meni halys irizdi. Onsoň bir polisiýa işgäri geldi. Olar bu ýagdaý barada dowul turuzýalar. Biziň oglumyzy öz gününe goýmagyň deregine bize päsgelçilik döredýärler. Köçelerde bolýan jenaýatlara häkimiýetler hiç bir zat edip bilenoklar. Olar diňe biziň çagalarymyzy biynjalyk edýärler".

Gyrgyzystandan näçe çaganyň Bangladeşe iberilendigi, olaryň nähili şertlerde ýaşaýandygy barada bilinýän zatlar köp däl. Ýöne az sanly çaganyň ol ýerdäki medreselerde okaýandygyny Narynyň ýaşýajylary tassyklaýarlar. Muňa edilýän çykdajy hem maşgala başyna müň dollar çemesi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleri ýerli maşgalalaryň we mugallymlaryň agzalan mesele boýunça nägileligini eşidensoňlar, barlag işine başlapdyrlar.

“Tabligi Jamaat”

Komitet 12-nji iýunda ýurduň ýokary dini häkimiýetlerini Bangladeş programmasyny goldamak üçin jedelli yslamçy topar “Tabligi Jamaat” bilen ýaşyryn hyzmatdaşlyk edýänlikde aýyplady.

Milli howpsuzlyk komitetiniň sözçüsi Nurlan Toktalyýew bu programmanyň çaganyň ýurtda orta mekdebi tamamlamagyny goramaga gönükdirilen kanunlara ters gelýändigini aýdýar.

"Geçirilen deslapky barlaglara görä, bu çagalary ibermekde eli barlar - dini hereket “Tabligi Jamaat”, şeýle hem müftülik we Bişkekdäki merkezi metjidiň käbir agzalary” diýip, Toktalyýew aýdýar. “Gyrgyzystanyň dini erkinlik baradaky kanunynyň 6-njy maddasynyň 5-nji abzasy boýunça çagalary ýokary we orta dini mekdeplerde bilim almaga daşary ýurtlara iberip bolýar. Ýöne bu işi etmek üçin olar ilki bu ýerde orta mekdebi doly tamamlamaly".

Hindistanda, Pakistanda, Bangladeşde we Beýik Britaniýada köp tarapdarlary bolan “Tabligi Jamaat” soňky 20 ýylda Gyrgyzystanda öz işjeňligini güýçlendirdi. “Tabligi Jamaat” syýasy işjeňlikden saklanyp, özüniň diňe missionerlik bilen meşgullanýandygyny aýtsa-da, Merkezi Aziýada oňa şübheli garalýar. Gyrgyzystanda ol gadagan bolmasa-da, howpsuzlyk boýunça gara sanawda.

Bişkekli syýasy analizçi Orozbek Moldalyýewyň pikiriçe, häkimiýetler ýurduň dini organlaryny gözden sypdyrmaly däl.

"Geçen 20 ýyllykda dini okuw barada biziň girizen hiç bir düzgünimiz bolmady. Ine, Täjigistana serediň. Olar hakyky howp bilen ýüzbe-ýüz bolansoňlar, bu sistema gerekli düzgünleri girizdiler” diýip, Moldalyýew aýdýar. “Täjik häkimiýetleri daşary ýurtlardaky medreselerde okaýan raýatlaryny yzyna getirdiler. Olara diňe Täjigistanda okap bilýändiklerini açyk aýtdylar. Bu zerur iş garaşylýan netijäni-de berdi".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG