Sepleriň elýeterliligi

Täze wirusyň gözbaşy ABŞ we Ysraýyl hasaplanylýar


“Waşington post” gazetiniň maglumatyna görä, täze kompýuter wirusy geçen aý Eýranyň Nebit ministrligine degişli kompýuterlerden tapylypdyr.

“Waşington post” gazetiniň maglumatyna görä, täze kompýuter wirusy geçen aý Eýranyň Nebit ministrligine degişli kompýuterlerden tapylypdyr.

“Waşington post” gazetinde Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň bilelikde “Flame” atly täze bir kompýuter wirusyny döredendikleri barada çap edilen maglumata Ysraýyl we ABŞ tarapyndan häzirlikçe hiç hili reaksiýa bolmady.

Sişenbe güni giçlik “Waşington post” gazetiniň günbatarly resmilere salgylanyp ýaýradan maglumatynda bu täze kompýuter wirusyny döretmekligiň üstünde Ysraýylyň harby bölümi bilen bilelikde ABŞ-nyň Milli Howpsuzlyk Agentliginiň we Merkezi Razwedka Agentliginiň bäş ýyl iş alyp barandygy aýdylýar.

Şeýle hem, bu wirusyň Eýranyň ýadro programmasynda bökdençlik döretmek maksady bilen döredilendigi öňe sürülýär.

Onuň howply taraplary

Bu maglumata görä, täze kompýuter wirusy geçen aý Eýranyň Nebit ministrligine degişli kompýuterlerden tapylypdyr.

Bu baradaky maglumatda bu täze döredilen kompýuter wirusynyň häzirki wagt iň bir çylşyrymly elektron wirusydygy we onuň kompýuterlere “Microsoft” programmasyny täzeleýji hökmünde awtomatik ýagdaýda ýüklenýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, “Waşington post” gazetinde çap edilen maglumatda bu howply wirus programmasynyň Eýranyň kompýuter setine girip, bu kompýuterlerde edilen işler baradaky jikme-jik maglumatlary bu wirusy ugradyjylara ýollandygy aýdylýar.

Bu “Flame” atly wirusyň hatda kompýuterlerdäki dokumentleriň nusgasyny almaga, düwme tagtasynda basylan düwmeleri hasaba almaga, kompýuteriň ekranyndaky zatlary surata düşürmäge we hatda kompýuterlerdäki mikrofonlary we wideo kameralary açmaga ukyplydygy aýdylýar.

Iki wirusda meňzeşlik bar

Eýranyň ýadro programmasynda bökdençlik döretmek we oňa zyýan ýetirmek maksady bilen döredilendigi öňe sürülýän bu wirus programmasynyň 2010-njy ýylda döredilen “Stuxnet” atly beýleki bir howply internet wirusynyň funksiýalaryny-da öz içine alýandygy habar berilýär.

Orsýetde iş alyp barýan “Kasperskiý Lab” atly howpsuzlyk kompaniýasy “Flame” atly täze wirusyň “Stuxnet” atly howply wirusyň käbir kodlaryna eýedigini aýdýar.

“Kasperskiý Lab” kompaniýasynyň aýtmagyna görä, bu gürrüňi edilýän meňzeşlik, öz gezeginde, bu iki programmanyň ikisiniň-de şol bir topar tarapyndan döredilendigine şaýatlyk edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG