Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada ykdysadyýet boýunça ýokary bilim


Ukrainanyň Ylym, bilim, ýaşlar we sport boýunça ministrliginiň berýän resmi maglumatyna görä, Ukrainada 8 müň 300 töweregi türkmenistanly student bilim alýar. Türkmen studentleriniň sanynyň ýene-de köpelmegine garaşylýar. Bu barada şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukraina eden sapary wagtynda Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç hem aýdypdy.

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Ukrainanyň öňdebaryjy ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Kiýewiň Geltman adyndaky milli ykdysadyýet uniwersiteti barada uniwersitetiň daşary ýurtly raýatlar üçin taýýarlyk bölüminiň baş inspektory Olga Ýurçenko bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Olga, ilkibaşda ýokary okuw jaýyňyz barada gysgaça maglumat berseňiz?

Olga Ýurçenko: Şu ýyl biziň ýokary okuw jaýymyzyň esaslandyrylanyna 105 ýyl boldy. Ozal bu okuw jaýy Kiýewiň Koroçenko adyndaky halk-hojalyk uniwersiteti bolupdy. Häzirki wagt bolsa ol Kiýewiň Geltman adyndaky milli ykdysadyýet uniwersiteti diýlip atlandyrylýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň uniwersitetiňizde haýsy ugurlar boýunça bilim berilýär?

Olga Ýurçenko: Biziň ýokary okuw jaýymyz ykdysady pudak boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Bizde halkara ykdysadyýet, guramaçylyklaýyn ykdysadyýet, maliýe we kreditler, bank işi, menejment, marketing ýaly ugurlar bar.

Azatlyk Radiosy: Sizde diňe bakalawr derejesi berilýärmi ýa-da magistraturada we doktoranturada okamaga hem mümkinçilikler barmy?

Olga Ýurçenko: Bizde bakalawr, magistratura we, elbetde, doktorantura hem bar.

Azatlyk Radiosy: Sapaklar haýsy dilde alnyp barylýar?

Olga Ýurçenko: Biziň ýokary okuw jaýymyz milli statusly bolansoň ähli sapaklar diýen ýaly ukrain dilinde alnyp barylýar. Ýöne ýörite daşary ýurtly talyplar üçin sapaklar iki ýylyň dowamynda rus dilinde geçirilýär. Sebäbi bu döwürde talyplar adaptasiýa geçýärler. Üçünji ýylda hem bu talyplar umumy talyplaryň hataryna goşulyp, mundan soň ähli sapaklar diňe ukrain dilinde geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Indi anyk mysalda düşündirseňiz, meselem, Türkmenistanda bir okuwçynyň, mekdebi tamamlan uçurymyň ýa-da uniwersiteti gutaran talybyň siziň okuw jaýyňyza girmek meýli bar. Onuň ilkinji ädimleri nähili bolmaly?

Olga Ýurçenko: Mysal üçin, eger-de biri Türkmenistanda ýokary okuw jaýyny tamamlan bolsa, biziň uniwersitetimize ýüz tutmazdan ozal, ol özüniň bilimi baradaky şahadatnamalaryny bärde notirifikasiýa etdirmeli. Ýagny, onuň bilim derejesi Ukrainada bildirilýän talaplar bilen deňeşdirilmeli. Ýurduň Bilim ministrliginiň ýanynda muny amala aşyrýan ýörite gurama bar.

Diýjek bolýan zadym, ýokary okuw jaýymyza ýüz tutmazdan ozal, daşary ýurtly talybyň diplomy hökmany ýagdaýda notifikasiýa edilmeli.

Azatlyk Radiosy: Mundan soň talyp näme etmeli?

Olga Ýurçenko: Notifikasiýany amala aşyrýan gurama öz gelen netijesini berenden soň talybyň özi resminamalaryny bize getirýär we iki sany sapakdan synag tabşyrýar. Ýagny, hökmany bolan ukrain dilinden we saýlap alan ugruna degişli sapakdan synag tabşyrmaly.

Azatlyk Radiosy:Mekdebi gutaran okuwçylaryň ýagdaýy hem şular ýalymy?

Olga Ýurçenko: Hawa, mekdebi gutaranlar üçin hem şol bir ýagdaý. Olaryň iki mümkinçiligi bar. Ýagny, birinjiden, olar turistik wiza bilen gelip, degişli resminamalaryny bize hödürläp, synaglary tabşyrýarlar. Mundan soň, uniwersitet üstünlik gazanan talyplara çakylyk hatyny taýýarlaýar.

Ikinji mümkinçilik, olar Ukrainanyň “Oswita” atly halkara merkezine ýüz tutýarlar. Onuň websaýty: www.osvita.com.ua. Ol ýere talap edilýän resminamalar hödürlenenden soň soň, gurama olar üçin çakylyk taýýarlaýar. Mundan soň, abiturient bize gelip, synag tabşyrmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň uniwersitetiňiz resminamalary haçandan kabul edip başlaýar?

Olga Ýurçenko: Resminamalary kabul ediş çäreleri 2-nji iýuldan başlap, bütin tomus dowam eder.

Azatlyk Radiosy: Sizde türkmen talyplary barmy?

Olga Ýurçenko: Hawa, elbetde, bar. Ýöne, görýäňizmi, Türkmenistanda mekdebi tamamlany bilen, olar rus dilini gowy bilmeli.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýokary okuw jaýyňyz barada köpräk maglumat alar ýaly onuň websahypbasy barmy?

Olga Ýurçenko: Hawa bar. Ol: kneu.edu.ua. Onda ähli okuw programmalary, talap edilýän resminamalar, tölegler barada maglumatlary tapyp bolar.

Azatlyk Radiosy: Töleg barada takygrak gürrüň berseňiz...

Olga Ýurçenko: Bizde gündizki okuwlaryň ähli görnüşleri üçin ýyllyk töleg 2074 amerikan dollaryna deň.
XS
SM
MD
LG