Sepleriň elýeterliligi

Başga jandar barmy Adamzat ýaly?
Dünýe özi üçin gurlan mysaly.

Şat gününde werziş gyşyk basmana,
Kyn gününde elin serjek asmana.

Durmuş mejbur etse paç tölemäge,
Taýyn Taňrydanam öýkelemäge.

Elin sowuk suwa uraýmaz – ýatar,
Bar zady pelegiň üstüne atar.

Özünde jinnek deý günä goýjak däl,
Aýna bakyp, öz keşbinden doýjak däl.

Emma ol bişmedik miwäni ýolmaz,
Tutuş Adamzady garalap bolmaz.

Hernä aklar artygrakdyr garadan,
Öz işinden razy gerek Ýaradan.

Ondan biidin ölüm jandan ganmandyr...
Hakmy-nähak – o-da bize galmandyr.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyrydyr.
XS
SM
MD
LG