Sepleriň elýeterliligi

Müsür: saýlawlaryň netijesini yglan etmeklik yza süýşürildi


Penşenbe güni Müsüriň Merkezi saýlaw komissiýasy prezidentlik saýlawlarynyň netijesini yglan etmekligi yza süýşürdi.

Ozalbaşda saýlawlaryň netijesiniň penşenbe güni yglan ediljekdigi habar berlipdi. Ýöne Müsüriň saýlaw komissiýasy saýlawlarda galplyklaryň bolandygy baradaky şikaýatlara garamakçydygyny aýdyp, onuň netijesini yglan etmekligiň yza süýşürilendigini mälim etdi.

Müsürde şenbe we ýekşenbe günleri geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda “Musulman Doganlygy” partiýasyndan kandidat Muhammad Mürsi bilen ýurduň ozalky premýer-ministri Ahmed Şafik özara bäsleşdi.

Saýlawlaryň resmi netijesine garaşmazdan, olaryň ikisi-de özleriniň ýeňiş gazanandyklaryny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG