Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Awazada" ümsümlik


Katerler edil häzirki wagtda kenarda daňylygy dur.
Katerler edil häzirki wagtda kenarda daňylygy dur.
Ak mermerden bina edilen köpgatly myhmanhanalar, ençeme kafelerdir restoranlar, uzynlygy 7 kilometr bolan we üstünden awtoulagly we pyýada geçmek üçin 11 sany köpri gurlan emeli derýa. Bu derýanyň kenarynda bolsa kafeler bar. Bu ýer "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň gurlup tabşyrylan bölegi.

"Awaza" ýurtda iň bir gözel künjege öwrülip biläýjek ýer hasaplanýar. Emma bu gözellige syn edip, bu ýerde dynç alýan adamlar edil häzirki möwsümde örän az.

Hazar deňzindäki suw çüwdürimlerini görmäge baran adamlara ýa "Awazanyň" ýeke-täk köçesinde aýlanyp ýören sanlyja adamlara duş geläýmeseň, hut "Awazanyň" özi we kaşaň myhmanhanalaryň töweregi taşlanan şähere meňzeýär.

"Awazada" dynç almaga barýan myhmanlar üçin gurlan myhmanhanalaryň ýagdaýy hem o diýen tapawutly däl. Edil meniň galan myhmanhanamdaky otaglaryň ýarysynyň boşdugy, onuň ýanyndaky beýleki iki myhmanhananyň hem ýagdaýynyň şondan tapawutly däldigi barada maglumat aldym.

Kafedir restoranlaryň köpüsi hem boş. Emeli derýa boýunça iki sany katerde gezelenç etmäge barýan adamlaryň ýoklugy sebäpli, bu katerler hem edil häzirki wagtda kenarda daňylygy dur.


Emma ýerli myhmanhanalaryň birinde işleýän Yklym ýagdaýyň iýul hem awgust aýynda üýtgejegine umyt edýär. “Sebabi entek dynç alyş möwsümi başlanok” diýip, bu ýerdäki “Kerwen” myhmanhanasynda işleýän 26 ýaşly Yklym aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, "Awazada" dynç alyş möwsümi iýun aýynyň ahyryndan başlap, tä sentýabr aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. “Şol wagt "Awazanyň" köçesi, myhmanhanalary dynç alýan adamlardan dolýar. Myhmanhanalardaky otaglar üçin dawa edýänlerem bolýar” diýip, Yklym gürrüň berýär.

Yklym "Awazanyň" myhmanhanalarynyň otaglarynyň köpüsiniň iýul, awgust aýlary üçin eýýäm öňünden bronlanandygyny aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, özüniň işleýän “Kerwen” myhmanhanasynda iýul aýy üçin hiç hili boş ýer ýok.

“Kerwen” myhmanhanasynyň golaýynda ýerleşýän “Hazyna” myhmanhanasynda hem iýul we awgust aýlary üçin boş nomerleriň galmandygy barada maglumat aldym.

“Dynç alyş möwsüminde "Awazadaky" myhmanhanalarda asla boş ýer bolanok” diýip, Yklym gürrüň berýär. “Hatda Türkmenbaşyda hem kireýine ýatak jaýyny almak kyn. "Awazanyň" golaýyndaky mikroraýonda şol wagt kireýine ýatak jaýlarynyň bahasy 100 dollardan geçýär”.

Emma ýerli ýaşaýjylaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, ýylyň 8 aýynda "Awazadaky" myhmanhanalaryň köpüsi boş bolýar. “Şol wagtlar "Awaza" taşlanyp giden şäheri ýatladýar. Kafeler we restoranlar işlemeýär” diýip, 42 ýaşly taksiçi Bazar aýdýar.

"Ömrüzaýa ýyldyz"

Bazar "Awazanyň" bu ýagdaýyny Zöhre ýyldyzynyň az salym asmanda görnüp, soň gaýyp bolup gidişi bilen deňeşdirýär: “Türkmenler Zöhre ýyldyzynyň bu häsiýeti üçin ony Ömrüzaýa ýyldyz diýip atlandyrýarlar. "Awazany" hem şonuň ýaly Ömrüzaýa diýip atlandyrsa boljak. Ýylyň iki-üç aýy adamlardan ýaňa mygylly bolýar, soň bolsa diňe ümsümlik”.

"Awazanyň" bu häsiýeti bilen “Kerwen” myhmanhanasynyň işgäri Yklym hem ylalaşýar. “Bu ýagdaý hem möwsüm bolmadyk aýlarda "Awazadaky" myhmanhanalaryň otaglarynyň bahasynyň iki esse arzanlamagyna sebäp bolýar” diýip, Yklym aýdýar.

“Adam az bolansoň, rahatlygy gowy görýän adamlar hut möwsüm däl diýilýän wagty "Awaza" dynç almaga gelýärler, şonuň üçin möwsüm bolmadyk aýlarda hem gelýänler bolýar, emma otaglaryň bahasy iki esse peselýär” diýip, Yklym aýdýar. “Üstesine-de, dem alyş organlarynyň keselleri bilen ejir çekýänler üçin "Awazanyň" howasy gyş aýlarynda peýdaly hasaplanýar”.

Häzirlikçe "Awazada" ümsümlik höküm sürýär. Gündizlerine bolsa deňziň kenaryndaky suw çüwdürimleriniň töwereginden baş ýerlerde adam-gara görünmeýär. Ak mermerden gurlan myhmanhanalar bolsa deňziň kenaryndaky salgyma çalym edýär.

Myhmanhanalaryň uly bir bölegi boş bolansoň, ol ýerde işleýän adamlar dynç alyş möwsüminiň açylmagyna garaşýarlar.
XS
SM
MD
LG