Sepleriň elýeterliligi

Müsür: saýlawlaryň netijesi belli däl


Kairiň Tahrir meýdançasynda müsürli protestçiler harby geňeşiň dolandyryşyna garşy protest bildirýärler. Kair, 20-nji iýun, 2012.

Kairiň Tahrir meýdançasynda müsürli protestçiler harby geňeşiň dolandyryşyna garşy protest bildirýärler. Kair, 20-nji iýun, 2012.

Penşenbe güni Müsüriň Merkezi saýlaw komissiýasy prezidentlik saýlawlarynyň netijesini yglan etmekligi yza süýşürdi.

Ozalbaşda saýlawlaryň netijesiniň penşenbe güni yglan ediljekdigi habar berlipdi. Emma Müsüriň saýlaw komissiýasy saýlawlarda galplyklaryň bolandygy baradaky şikaýatlara garamakçydygyny aýdyp, onuň netijesini yglan etmekligiň yza süýşürilendigini mälim etdi.

Müsürde şenbe we ýekşenbe günleri geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda “Musulman Doganlygy” partiýasyndan kandidat Muhammad Mürsi bilen ýurduň ozalky premýer-ministri Ahmed Şafik özara bäsleşdi.

Saýlawlaryň resmi netijesine garaşmazdan, olaryň ikisi-de özleriniň ýeňiş gazanandyklaryny öňe sürýärler.

Ynam peselýär

Synçylar saýlawlaryň netijesini yglan etmekligiň yza süýşurilmeginiň ilatyň tutuş saýlaw prosesine bolan ynamyna ýaramaz täsir etmek howpunyň bardygyny aýdýarlar.

Bu iki kandidatyň tarapyny tutýan toparlaryň arasyndaky ynamsyzlyk soňky günler has-da güýçlendi. Muňa bir hepde mundan ozal Ýokary Konstitusion suduň parlamenti dargatmagy we parlamentiň ygtyýarlyklarynyň köpüsiniň harby häkimiýete geçmegi ýaly wakalar has-da uly itergi berdi.

Parlamentde agdykdyk edýän “Musulman Doganlygy” partiýasynyň wekilleri suduň bu kararyna uly nägilelik bilen reaksiýa bildirdiler.

Bu partiýanyň resmileri Hosni Mübäregiň döwründe wezipä bellenen sudýalar tarapyndan parlamentin dargadylmagyny Mubäregin rejimine degişli ozalky resmiler tarapyndan “ýumşaklyk bilen amala aşyrylýan häkimiýet agdarylyşygy” diýip atlandyrdylar.

Prezidentiň ygtyýarlygy çäkli

Indi köp adamlar “Musulman Doganlygy” partiýasyndan kandidat Muhammad Mürsiniň ýeňiji diýlip yglan edilip, prezidentlik wezipesini eýelän halatynda-da, onuň ygtyýarlyklarynyň çäklendirilen ýagdaýda boljakdygyny aýdýarlar.

Britaniýada iş alyp barýan “Çatham House” atly syýasy barlaglar merkeziniň regional analitigi Maha Azzam harbylaryň ele alan esasy ygtyýarlyklaryndan biriniňem Hosni Mübärek häkimiýetden çetleşdirilenden soň, täze konstitusiýanyň taslamasyny düzmek boýunça ele alan ygtyýarlygydygyny aýdýar.

Elbetde, geljekde konstitusiýa giriziljek üýtgetmelere we goşmaçalara weto goýmak hukugyna harbylar bilen birlikde prezident hem eýe bolar. Ýöne analitik Maha Azzam ahyrky netijede bu baradaky gutarnykly kararyň Ýokary Konstitusion suda baglydygyna ünsi çekýär.

Müsüriň Ýokary Konstitusion sudunyň sudýalarynyň Hosni Mübäregiň döwründe wezipä bellenen sudýalardygyna ünsi çekmek bilen, analitik Maha Azzam bu suduň çykarjak kararynyň-da harby häkimiýetiň bähbidine boljakdygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG