Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda üç sany serhet goragçysy tussag edildi


Penşenbe güni Gazagystanyň harby prokuraturasy esgerleri ýençmekde güman bildirilýän üç sany serhet goragçysynyň, şol sanda serhet zastawasynyň komandiriniň-de tussag edilendigini mälim etdi.

Bu tussag edişlige şu hepde bu gürrüňi edilýän serhet zastawasyndan 11 sany esgeriň gaçmagy sebäp boldy.

Maglumata görä, gazak-hytaý serhet ýakasyndaky zastawadan gaçan esgerler özleriniň bu zastawadaky ofiserler tarapyndan urulýandyklaryndan şikaýat edipdirler.

Mundan üç hepde ozal şol regiondaky başga bir serhet bölüminde 14 sany esgeriň we bir tokaý sakçysynyň jesedi tapylypdy. Bu wakada aýyplanyp, şol serhet bölüminde gulluk eden bir esger tussag edildi.
XS
SM
MD
LG