Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň premýer-ministrligine täze adam saýlanyldy


Anna güni Pakistanyň dolandyryjy koalisiýasy tarapyndan premýer-ministrlik wezipesine hödürlenen Raja Perwez Aşrafyň kandidaturasy parlament tarapyndan tassyklanyldy.

Bu boýunça geçirilen ses berişlikde Raja Perwez Aşraf bilen birlikde Pakistan Musulman Ligasyndan kandidat Sardar Mahtab Ahmad Khan Abbasi hem sese goýuldy.

Ses berişlikde Pakistanyň Halk partiýasynyň wekili Raja Perwez Aşraf sesleriň köplügine eýe bolup, premýer-ministriň wezipesine tassyklanyldy.

Bu wakanyň öňýany, penşenbe güni Pakistanyň sudy prezident Asif Ali Zardari tarapyndan premýer-ministrlik wezipesine hödürlenen Mahdum Şahabuddini tussag etmek barada karar çykardy.

Sud ony saglyk ministri bolup işlän döwründe bikanun neşe söwdasyna dahylly iş alyp baranlykda aýyplaýar.

Şu hepdäniň başynda bolsa, Pakistanyň Ýokary sudy ýurduň hökümetine ýolbaşçylyk edip gelen Ýusuf Reza Gilanini prezident Asif Ali Zardarä garşy derňew işleriniň gozgalmagyna päsgelçilik berenlikde aýyplap, onuň wezipeden çekilmelidigi barada höküm çykarypdy.
XS
SM
MD
LG