Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa barýan gämide ýaragyň bardygyny tassyklady


Orsýetiň ‘Femco” kompaniýasyna degişli “Alaed” gämisi
Orsýetiň ‘Femco” kompaniýasyna degişli “Alaed” gämisi
Siriýadaky wakalar bilen bagly soňky gowşan maglumatlarda Siriýa harby enjamlary daşaýan rus gämisiniň, Şotlandiýanyň kenaryna ýetensoň, yzyna gaýtarylandygy habar berilýär.

19-njy iýunda britan ätiýaçlandyryş kompaniýasy “Alaed” atly rus gämisiniň ätiýaçlandyrylyşyny ýatyransoň, gami gaýtadan Orsýete dolanmaga mejbur boldy. Siriýa tarap ugur alan bu gämide hüjüm etmek üçin dikuçarlaryň bardygy barada habar berlipdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow “Eho Moskwy” radiosyna beren interwýusynda “Alaed” gämisinde hakykatdan hem harby enjamlaryň bolandygyny tassyklady, ýöne öňki aýdanlaryny gaýtalap, şol enjamlaryň asuda ilata hüjüm etmäge niýetlenmeýändigini nygtady.

“Biziň öň hem aýdyşymyz ýaly, gämide raketadan goranyş enjamlary bardy. Olar asuda demonstrantlara garşy däl-de, daşarky agresiýalardan goranmaga niýetlenen. Gämide abatlaşdyrylan üç sany dikuçar hem bardy” diýip, Lawrow aýtdy.

Şeýle hem Orsýetiň daşary işler ministri “Siriýanyň hökümetine degişli bolan” dikuçarlaryň abatlaşdyryş işleriniň 2008-nji ýylda Orsýet bilen Siriýanyň arasynda baglaşylan ylalaşygyň çäginde geçirilendigini düşündirdi.

“Sowet döwründe öndürilen bu dikuçarlary remont etmek babatdaky ylalaşyga 2008-nji ýylda gol çekilipdi. Bu dikuçarlar düýpli abatlandyryldy. Olaryň bölekleri gäminiň üstündedi. Şol böleklerden dikuçarlary düzmek üçin hem üç aý wagt gerek bolar” diýip, Lawrow aýtdy.

Şeýle hem Lawrow Britaniýanyň “Standart Club” ätiýaçlandyryş kompaniýasyny ýiti tankytlap, onuň ygtybarlylygyny sorag astynda goýdy. “Kontraktlaryň hem ylalaşyklaryň şertleri hökmany suratda ýerine ýetirilmeli” diýip, Orsýetiň baş diplomaty britan kompaniýasyndan nagileligini bildirdi.

“The Standart Club” kompaniýasy bolsa hepdäniň sişenbe güni Siriýa harby enjamlary alyp barýan ors gämisini ätiýaçlandyrmagyň kompaniýada kabul edilen düzgünleri bozýandygyny mälim etdi.

Siriýadaky režim barada aýdyp, Lawrow Başar al-Assadyň wezipesini terk etmejegini nygtady. Sebäbi, Lawrowyň bellemegine görä, “Siriýanyň ilatynyň ýarpysy Assada, onuň partiýasyna ses berip, onuň alyp barýan syýasatyny goldady”.

Şol bir wagtyň özünde siriýaly harby pilotyň 21-nji iýunda Iordaniýada gonup, ol ýerden gaçybatalga sorandygy habar berildi. Iordaniýanyň maglumatlar ministri Salih al-Maaýtah 21-nji iýunda bu maglumaty tassyklady.

“Şu gün Amman wagty bilen 10:45-de Siriýanyň howa güýçlerine degişli MIG-21 kysymly uçarda Iordaniýa gonan pilot syýasy başpena sorady” diýip, Salih al-Maaýtah aýtdy .

Soňra pilotyň ady mälim edildi: onuň polkownik Hassan Merei al-Hamadedigi belli boldy. Iordaniýa oňa syýasy başpena berýändigini yglan etdi.

Siriýanyň hökümeti uçujy-polkownigi “dönük hem goşundan gaçgak” diýip atlandyrdy.

Siriýanyň hökümeti harby uçarynyň yzyna gaýtarylyp berilmegini talap edýär.
XS
SM
MD
LG