Sepleriň elýeterliligi

Ýewropanyň uly dört döwletiniň liderleri maslahat geçirýärler


Anna güni ýewro zona girýän esasy ýurtlardan dördüsiniň liderleri Ýewropanyň býujet krizisini ara alyp maslahatlaşmak üçin, Italiýanyň paýtagty Rimde özara maslahata ýygnandylar.

Italiýanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň we Germaniýanyň liderleri bu maslahatda Ýewropanyň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak we býujet defisitlerine çözgüt tapmak çäreleri barada maslahat ederler.

Germaniýanyň kansleriniň metbugat sekretary bu duşuşygyň resmi maslahat däl-de, näresmi pikir alyşlyk görnüşindäki bir duşuşykdygyny aýtdy.

Bu duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň 28-29-njy iýunda maliýe krizisine bagyşlap geçirjek sammitiniň öňýanyndaky günlere gabat geldi.
XS
SM
MD
LG