Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky zamun alyşlykdaky atyşyklar 12 sagat dowam etdi


Owganystanyň paýtagty Kabulyň etegindäki bir myhmanhanada ýaragly söweşijileriň adamlary zamun alyp eden hüjümi 12 sagatdan soň tamamlandy.

Talyban söweşijileri penşenbe güni agşam Kabulyň etegindäki bir myhmanhana hüjüm edip, ondaky birnäçe adamy zamun aldylar. Kabulyň polisiýasy uzak gije dowam eden özara atyşyklaryň netijesinde zamunlykdaky adamlaryň aglabasynyň halas edilendigini aýdýar.

Polisiýanyň resmileri bu wakada azyndan 20-den gowrak adamyň ölendigini, şolardan azyndan 18-siniň hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürilendigini mälim etdiler.

Talybanlar bu myhmanhanada daşary ýurtlularyň we baý owganystanlylaryň “wejera şagalaňlary” gurnaýandyklary üçin oňa garşy hüjüm edendiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG