Sepleriň elýeterliligi

Siriýa Türkiýäniň harby uçaryny ýere gaçyrdy


Türkiýäniň Hataý prowinsiýasy bilen Siriýanyň territoriýasynyň aralygyndaky serhet geçelgesini görkezýän belgi. Reýhanli, mart, 2012.

Türkiýäniň Hataý prowinsiýasy bilen Siriýanyň territoriýasynyň aralygyndaky serhet geçelgesini görkezýän belgi. Reýhanli, mart, 2012.

Anna güni Orta ýer deňzinde Türkiýäniň bir harby uçarynyň atylyp ýere gaçyrylmagynyň jogapkärçiligini Siriýanyň öz üstüne almagy iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygy has-da güýçlendirdi.

Şenbe güni bu waka bilen bagly eden çykyşynda Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bu ýurduň harby uçarynyň Siriýa tarapyndan atylyp ýere gaçyrylmagyna Türkiýäniň asla göz ýumup bilmejekdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Abdylla Gül bu harby uçaryň öz uçuş ýolundan azaşyp, Siriýanyň territoriýasynyň içine az-owlak aralaşan bolmagynyň-da mümkindigini belledi. Ol alnyp barylýan derňewleriň netijesinde Türkiýäniň bu harby uçaryna anyk nirede ok atylandygynyň anyklanjakdygyny aýtdy.

Orta ýer deňzinde Türkiýäniň harby uçarynyň atylyp ýere gaçyrylan ýerini görkezýän karta.

Orta ýer deňzinde Türkiýäniň harby uçarynyň atylyp ýere gaçyrylan ýerini görkezýän karta.

Şenbe güni irden Siriýanyň resmi SANA habar agentligi Türkiýäniň harby uçarynyň Siriýanyň harby güýçleri tarapyndan atylyp ýere gaçyrylandygyny tassyklap, maglumat ýaýratdy.

Siriýanyň harby güýçleriniň metbugat sekretary SANA habar agentligine beren interwýusynda bir näbelli uçaryň örän ýokary tizlikde we pessaý uçup, Siriýanyň howa giňişligindäki araçägini bozandygyny we bu uçara garşy howa hüjüminiň amala aşyrylandygyny aýtdy.

SANA habar agentligi häzirki wagt bu harby uçardaky iki sany pilotdan derek tapmak üçin, iki ýurduň bilelikde Orta ýer deňzinde gözleg alyp barýandygyny habar berýär.

Anna güni giçlik Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan bu waka bilen baglanyşykly gyssagly hökümet maslahatyny geçirip, Türkiýäniň indiki ätjek ädiminiň bu waka boýunça geçiriljek derňewleriň netijesine bagly boljakdygyny belledi.

Bu maslahatdan öň Türkiýäniň mediasy Siriýanyň bu bolan waka boýunça Türkiýeden ötünç sorandygyny habar berdi. Emma Rejep Taýýyp Erdogan öz çykyşynda Siriýa tarapyndan nähilidir bir ötünç soraýyşlygyň bolandygy barada hiç hili gürrüň etmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG