Sepleriň elýeterliligi

Çehiýanyň awtobusy Horwatiýada heläkçilige uçrady


Şenbe güni Çehiýanyň we Horwatiýanyň mediasy Çehiýa Respublikasyna degişli bir awtobus Horwatiýanyň uly transport ýolunda heläkçilige uçranda, ondaky ýolagçylardan azyndan 8-siniň ölendigini habar berdi.

Bu wakada awtobusyň ýoluň gyrasyndaky gorag diwara urup, agdarylandygy habar berilýär.

Maglumata görä, bu wakanyň bolan wagty awtobusyň içinde 40-dan gowrak adam bar eken. Olardan 8-siniň ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG