Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň iki raýatyny Keniýanyň polisiýasy tussag etdi


Şenbe güni Keniýanyň polisiýasy Eýranyň iki sany raýatynyň terrorizmde aýyplanyp tussag edilendigini habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, Eýranyň bu iki raýaty şu geçen hepde Naýrobi şäherinde tussag edilipdir. Polisiýa bu raýatlaryň Keniýanyň Mombasa şäherinde 15 kilogram partlaýyjy maddany gizläp saklandyklaryny aýdýar.

Bu wakanyň öňýany ABŞ-nyň Keniýadaky ilçihanasy Keniýanyň Mombasa şäherinde terror hüjüminiň amala aşyrylmak howpunyň bardygyny aýdyp, ol ýerdäki amerikan raýatlaryna bu şäherden çykmaklygy maslahat beripdi.
XS
SM
MD
LG