Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paragwaýyň Kongresi ýurduň prezidentini wezipeden çetleşdirdi


Şenbe güni Paragwaýyň Kongresi ýurduň prezidenti Fernando Lugony impiçment arkaly wezipeden boşatmaklyga ses berdi.

Paragwaýyň Kongresi ony geçen hepde fermerleriň ellerinden ýerleriniň alynmagynda ýaragly çaknyşyklaryň ýüze çykmagyna ýol berenlikde aýyplady.

Şol gürrüňi edilýän wakada jemi 17 adam ölüpdi. Olaryň arasynda ýerli fermerler bilen birlikde, polisiýa işgärleri-de bar.

Wezipesinden çekilmäge mejbur bolan Fernando Lugo Kongresiň bu kararynyň häkimiýet agdarylyşygyna laýyk gelýän karardygyny aýtdy.

Fernando Lugo prezidentlik wezipesinden öň ýerli rim-katolik kelisesinde ruhany bolup işleýärdi.
XS
SM
MD
LG