Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan: günäsi geçilenleriň arasynda 9 sany aktiwist bar


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew 66 tussagyň günäsini geçmek barada anna güni ýörite permana gol çekdi.

Türmeden boşadylmaly edilen tussaglaryň arasynda dokuz sany syýasy tussag hem bar. Olaryň dokuzysam geçen ýylyň aprel aýynda hökümete garşy protest demonstrasiýasyna gatnaşandyklary üçin tussag edilipdi.

Geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen sud prosesinde bu oppozision aktiwistlere 2 ýyl bilen 3 ýylyň aralygynda türme tussaglygy berlipdi. Şol wakada aýyplanyp tussag edilenlerden ýene ikisi tussaglykda galýar.
XS
SM
MD
LG