Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusly žurnalistiň tussag edilmegine Polşa alada bildirýär


Belarusda Polşanyň gazeti üçin işleýän žurnalist Andreý Poçobutyň tussag edilmeginiň yzy bilen, şenbe güni Polşanyň hökümeti Belarusyň ilçisini ýörite gürrüňe çagyrdy.

Belarusyň raýaty, žurnalist Andreý Poçobut 21-nji iýunda Belarusyň Grodno şäherindäki öz öýünde tussag edildi. Ýurduň häkimiýetleri ony prezident Aleksandr Lukaşenko şyltak atmakda aýyplaýarlar.

Dogry bir ýyl mundan ozal Belarusyň sudy žurnalist Andreý Poçobuty hut şu gürrüňi edilýän jenaýat işinde aýyplap, ony şertli tussaglyga höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG