Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň prezidenti täze hökümeti düzmek barada perman çykardy


Şenbe güni Siriýanyň döwlet telewideniýesi prezident Başar al-Assadyň täze hökümeti düzmek barada ýörite permana gol çekendigini habar berdi.

Munuň özi iki aýa golaý mundan ozal Siriýada geçirilen dawaly parlament saýlawlaryndan soň ýurduň hökümetiniň täzelenýändigini aňladýar. Bu gürrüňi edilýän parlament saýlawlaryny ýurduň oppozision partiýalary baýkotirläpdi.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi täze hökümete prezident Başar al-Assada ygrarly ýurduň häzirki oba hojalyk ministri Riýad Hijabyň ýolbaşçylyk etjekdigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG