Sepleriň elýeterliligi

"Awazada" dynç almak kimlere elýeterli?


"Awaza" turizm zolagynyň bir künjegi, iýun, 2012.

"Awaza" turizm zolagynyň bir künjegi, iýun, 2012.

"Awaza" turizm zolagyna uzakdan seredeniňde, iljkinji bolup göze ilýän zat – ak mermere gaplanan köpgatly binalar. Ol binalaryň aglabasy döwlet edaralarynyň buýurmagy esasynda soňky iki-üç ýylyň dowamynda gurlan köpýyldyzly kaşaň myhmanhanalar.

Şol myhmanhanalaryň ählisiniň suwa düşülýän öz howuzlary, plýažlary, massaž, iňňe terapiýa ýaly lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän sagaldyş merkezleri, internet-kafeleri bar.

Arzany 50 dollar

"Awazanyň" myhmanhanalaryndaky iň arzan otag bir gije-gündiz üçin 50 dollar. Käbir myhmanhanada bu tölege 3 wagtyna nahar hem berilýär. Käbirlerinde diňe ertirlik berilýär.

Käbir myhmanhanalryň otaglary üçin 50 dollarlyk tölege myhmanhanadaky sagaldyş otaglarynda dürli proseduralary alyp bolýar. Mysal üçin, massaž, iňňe terapiýasy ýaly proseduralar şol tölege girýär. Bu pula berilýän iýmitiň hilinden we edilýän hyzmatlaryň köpdürliliginden çen tutsaň, 50 dollar töleg o diýen gymmat däl ýaly hem bolup görünýär.

Emma Türkmenbaşynyň ýaşaýjysy, käri boýunça taksiçi Bekdurda bu tölegiň adaty ýaşaýjylar üçin örän gymmatdygyny aýdýar. Ol: “Bir gije-gündiz üçin 50 dollar tölemek her kime başartmasa gerek. 4-5 gün dynç almak üçin tas bir aýlygyňy sowup, soň nähili ýaşajak?” diýip, özara söhbetdeşlikde belledi.



Bekdurdynyň aýdýan sözleri bilen "Awazanyň" gurluşygynda işleýän 47 ýaşly türkmenbaşyly Isgender hem ylalaşýar. Ol bu hakda şeýle diýýär: “Men 7 ýyl bäri ‘Awazanyň’ dürli gurluşyklarynda işleýärin. Emma ýeke gezegem şu ýerdäki myhmanhanalarda dynç alyp görmedim. Bahalar gymmat. Meniň öýüme häzir 6 sany garyndaşym myhmançylyga geldi. Olar üçinem bu myhmnahanalar elýeterli däl”.

Diňe gurluşykda işleýän Isgender we taksiçilik bilen meşgullanýan Bekdurdy däl, aýlygy birneme ganymat hem kadaly diýlip hasaplanylýan lukmanlar we mugallymlar üçinem "Awazada" dynç almak o diýen aňsat bolmasa gerek.

“Gurplularyň dynç alýan ýeri”

Häzirki döwürde maşgala lukmanynyň aýlygy 352 dollara, orta mekdebiň mugallymynyň aýlygy hem, ortaça aýdylanda, 316 dollara barabar. Emma, muňa garamazdan, "Awazadaky" otelleriň işgärleriniň aýdanlaryndan çen tutulsa, dynç alyş möwsüminde myhmanhanalarda boş otag tapmak kyn.

“Kerwen” myhmanhanasynyň işgäri Yklymyň aýtmagyna görä, iýul hem awgust aýlary üçin myhmanhanada eýýäm boş ýer galmandyr. Onuň aýtmagyna görä, "Awaza" häzirki döwürde, umuman aýdylanda, diňe gurply adamlaryň dynç alýan ýeri. Ýöne bu ýere orta gatlakdan gelýänlerem bar, emma onuň üçin "Awazada" myhmanhana guran haýsydyr bir edaranyň işgäri bolmaly.

“Awazadaky myhmanhanalaryň ählisi diýen ýaly käbir ministrliklere we pudak edaralaryna degişli. Mysal üçin, ‘Hazyna’ myhmanhanasy ýurduň Merkezi bankynyňky, “Watançy” myhmanhanasy hukuk goraýjy edaralaryňky. Şol edaralaryň işgärlerem bu myhmanhanalarda ýarpy bahasyna dynç alyp bilýärler” diýip, Yklym gürrüň berýär.

"Awazada" ýek-tükem bolsa, daşary ýurtlulary hem görmek mümkin. Maňa berlen maglumata görä, ol turistleriň aglabasy Türkmenistanda işläp ýören adamlar. Yklymyň pikiriçe, "Awazanyň" häzirki turistik infrastrukturasy entek daşary ýurtlulary özüne çekip bilmeýär.

“Dogry, ýörite daşary ýurtlardan "Awazada" dynç almaga gelýänlerem bar. Olaryň sany entek örän az. "Awazada" daşary ýurtly turistleri kanagatlandyryp biljek şertler ýok diýen ýaly. "Awaza" heniz gurulýar” diýip, Yklym gürrüň berdi.

Gatnaw hem kyn

"Awazanyň" ýerli hem daşary ýurtly turistler üçin elýeterliligini kynlaşdyrýan meselelerden birem onuň ulag serişdeleri bilen üpjünçiligi. Häzirki döwürde "Awaza" diňe şahsy maşynlar ýa taksiler bilen baryp bolýar. "Awaza" bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasy bolsa 20 kilometr töweregi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenbaşy şäherine barmagyň özem aňsat däl. Bu turistik zolaga barmagyň iň aňsat ýoly taksi ýa şahsy maşynlar. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ýurduň beýleki etraplaryndan otly ýa uçar bilen Türkmenbaşa sapar etmekçi bolýanlaryň wagtynda bilet tapmazlygy kadaly ýagdaý diýlip hasaplanýar.

"Awazanyň" nyrhlary elýeterli bolmadyk halatynda, Hazaryň kenarynda ikinji alternatiwa hem bar. Ol alternatiwa – Çeleken. Bu dynç alyş ýeri sowet döwründen bäri türkmenistanlylaryň iň köp gatnaýan ýerlerinden biri.

Statistiki maglumatlar elýeterli bolmasa-da, ýerli ilatyň gürrüňinden çen tutulsa, Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy şäherine we hatda Bekdaşa hem dynç almaga barýanlar az däl.

Aýdyşlaryna görä, "Awaza" dynç almaga barýan türkmenistanly myhmanlaryň uly bölegi, adatça, öz gündizlerini "Awazada", gijelerini bolsa Türkmenbaşyda geçirýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG