Sepleriň elýeterliligi

Bagşy Mäne Garany ýatlap


Bagşy Mäne Garaýew aramyzda gezip ýören bolsa, şu ýyl ol 65 ýaşyny toýlardy. Onuň biziň aramyzdan gidenine 10 ýyl boldy.

Bagşy Mäne Garaýew aramyzda gezip ýören bolsa, şu ýyl ol 65 ýaşyny toýlardy. Onuň biziň aramyzdan gidenine 10 ýyl boldy.

Öz döwründe hyzmatyna hem zehinine ýeterlik ähmiýet berilmedik belli bagşy Mäne Garaýew aramyzda gezip ýören bolsa, şu ýyl ol 65 ýaşyny toýlardy. Emma zehinli bagşy 60 ýaşa-da ýetmedi. Onuň biziň aramyzdan gidenine 10 ýyl boldy.

1947-nji ýylyň fewralynda Tejen etrabynda dünýä inen Mäne Gara 2002-nji ýylyň sentýabrynda aradan çykypdy.

Bagşynyň terjimehaly sada hem ýönekeý. Ol orta mekdebi gutaransoň, Aşgabadyň Sazçylyk uçilişesinde okap, belli pedagog Bäşim Lallykowdan sapak alýar. 1967-nji ýylda Türkmen Döwlet filarmoniýasynda bagşy bolup işe başlaýar.

1982-nji ýyldan Mäne Garaýew Türkmenistanyň milli tele-radio komitetiniň Çary Täçmämmedow adyndaky milli halk saz gurallary ansamblynda bagşy bolup işleýär.

Ol hiç haçan ideologiýa hyzmat edýän, komsomoly ýa-da partiýany wasp edýän täze aýdymlary aýtmandy. Özi-de hökümeti ýa partiýany wasp edip, aýdym döretmändi. 1990-njy ýylda Mäne Garaýewe “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy” diýen hormatly at berildi.

Aslynda, Mäne Garaýew bagşy maşgalasyndan ösüp çykypdy. Onuň kakasy Gara aga uly ile belli bolmasa-da, öz töwerek-daşynda hormatlanýan bagşy ekeni. Ýöne Mänäniň bagşyçylyk ýoly Orazgeldi Ylýasa diýseň çalymdaş boldy. Ol Orazgeldi Ylýasyň joşgunly ýoluny özüne esasy ýörelge edinipdi.

Elbetde, olaryň ikisine hem ussat halypa Sahy Jepbarowyň täsiri çäksiz uly bolupdy. Ol bagşyçylyk ýolunda Orazgeldi Ylýasyň özboluşly bir dowamy bolup, türkmen aýdym-saz sungatynda uly yz galdyrdy.


Şahyr Şiralynyň ýatlamasyndan

“Biri üçin ilkinji duşuşyk wajyp, başga biri üçin – iň soňky hoşlaşyk. Mäne Gara bilen ýakyn gatnaşyk açyp, gysga wagtlaýyn dowam eden dostlugym mende şu iki duýgunyň ikisini-de wajyp zada öwrüpdi. Men bu duýgulary henize-bu güne deňiç hakydamyň jümmüşinden goparaga-da, çeňňege ilen balyk kimin kenara oklaýyp bilemok.

Dostlugyny hödürläp, yzyňdan galman gezen adam bilen haýsy ýylda duşuşanyň ýadyňa düşenok, emma özüň dostluk istäp, gatnaşyk açmak islän adamyň bilen duşuşan günüň ýa sagadyň hemişe ýadyňda galar eken.

Mäne Gara bilen ilkinji duşuşyk Aşgabadyň gapdalyndaky “Leningrad” kolhozynda, Farap atly garadan gaýtmaz bir ýigidiň öýünde gurnan oturylyşykda bolup geçipdi.

Şol gezek meniň okan syýasy äheňdäki her goşgymyň yzyny bir aýdym bilen bezän Mäne bagşy audio hem wideo ýazgylarynyň gidip durşundan sähelçe-de gypynç etmän, giň otagy dolduryp oturan myhmanlaryň göwnüni awlapdy.

Men bagşy çaý owurtlaýança garaşyp, soňra-da sypaýylyk bilen teklip etdim:
- Mäne, aýdym bilen goşgyny gezekleşdirip oturmaly, sen dört-bäş aýdym aýt, menem bir goşgy okaýaýyn.

- Goşgularyňdan çen tutsaň-a, sen adalatyn gözlegindäki adama meňzeýäň, adalatam şu ýerde bolman, nirede bolsun! Näme, goşgyň azlyk eder diýip gorkýaňmy? Päpgäňe seretseň-e, ýene birnäçe toýy sowjak sen...

Mäne Gara bilen soňky duşuşyk Aşgabadyň “Graždanskaýa” köçesinde ýerleşýän pukaraja üç gat jaýyň öňünde, bagşynyň öz eli bilen guran kiçijek kepbe tamynda bolup geçipdi.

Şonda bagşy penjegini ýelbegeý atynyp, dulda duran dutary eline alaga-da, bir-iki kakuw edenden, o tamdyranyň üýtgeşik elden çykandygy belli boldy.

Men saklanyp bilmedim:
- Dost jan, şu tamdyranyň haýsy ussadyň elinden çykandygyny, juda gizlin bolmasa, aýdaýsaň...

- Bärde ullakan bir syr ýok, Şir. Bu gara gazma dutar wagtynda Sapar Mäminiň kakasy Mämi ussanyň golundan çykypdy... Ýogsa-da, şu senediň edil ekiz taýy ýaly bir tamdyranyň kimiň dulunda öz gabyndan çykman durandygyny-da aýdyp biljek. Eýesiniň dilini tapybilseň, alybilersiň...

Mäne Garanyň salgy beren şol öýünden (1978-nji ýylda – puluň pul wagty!) 400 manada satyn alan gara gazma dutarym häzir Stokgolmdaky öýümiň diwaryndan asylgy dur.

Özümi sazanda hasap etmesemem, mahal-mahal öýde ýeke oturanymda, tamdyramy elime alanymda, ilki bilen onuň öňki eýesini däl-de, Mäne bagşyny ýatlaýaryn.

Mäne bagşy öz döredijiligi üçin ne bir hökümetden, ne-de hökümet ýodbaşçysyndan hantamaçylyk edipdi. Onuň bar arzuwy – halypasy Orazgeldi Ylýasyň edil özi bolup, sesini diňleýjä hem tomaşaça ýetirmekdi. Ony hem ol aňryýany bilen berjaý edip bilipdi”.
XS
SM
MD
LG