Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa: premýer-ministr we maliýe ministri sammite gatnaşmaz


Şu geljek hepde Ýewropa Bileleşiginiň Gresiýa ýardam bermek meselesi boýunça geçirjek sammitine Gresiýanyň täze saýlanan premýer-ministriniň we maliýe ministriniň gatnaşyp bilmejekdigi habar berilýär.

Şenbe güni premýer-ministr Antonis Samarasyň gözüne operasiýa edildi. Samarasyň lukmanlarynyň oňa häzirlikçe syýahat etmeklige rugsat bermeýändikleri aýdylýar.

Bu wakanyň öňýany, hepdäniň anna güni Gresiýanyň täze maliýe ministri Wassillis Rapanos öz huşuny ýitirip ýykylandan soň, keselhana düşüpdi. Onuň-da öz saglyk ýagdaýy sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň 28-29-njy iýunda geçjek sammitine gatnaşyp bilmejekdigi habar berilýär.

Maglumata görä, bu möhüm sammite Gresiýa tarapyndan ýurduň daşary işler ministri Dimitris Awramopolous bilen ýurduň ozalky maliýe ministri Giorgos Zanias gatnaşar.
XS
SM
MD
LG