Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko täze aýyplama boýunça sud prosesine gatnaşmaz


Ukriananyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko özüne garşy bildirilýän täze jenaýat aýyplamasy boýunça duşenbe guni Harkow şäherinde geçiriljek sud prosesine gatnaşmaz.

Ukrainanyň türmeler boýunça döwlet edarasynyň resmileri germaniýaly lukmanlaryň Ýuliýa Timoşenkonyň keselhanadan çykarylan halatynda, onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmak howpunyň bardygyny duýdurandyklaryny aýdýarlar.

Ýuliýa Timoşenko häzirki wagt Harkow şäheriniň keselhanasynda oňurga keselinden bejergi almagyny dowam etdirýär.

Wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, geçen ýyl 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Ýuliýa Timoşenko garşy Ukrainanyň häkimiýetleri salgyt galplyklarynda-da täze jenaýat aýyplamasyny bildirýärler.
XS
SM
MD
LG