Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň oppozisiýasy Parižde protest demonstrasiýasyny geçirdi


Şenbe güni Fransiýanyň paýtagty Parižde eýranly bosgunlaryň müňlerçesi Eýranda demokratik reformalaryň geçirilmegine çagyryş edip, demonstrasiýa geçirdi.

Demonstrasiýaçylar Yragyň bosgunlar lagerinde saklanýan eýranly oppozisionerlere talabalaýyk ýardam berilmegine-de çagyryş etdiler.

Bu demonstrasiýa çäresi Eýranyň mujaheddinler hereketiniň Milli Geňeşi tarapyndan gurnaldy. Birleşen Ştatlar Eýranyň bu mujaheddinler hereketini terror toparlarynyň hataryna goşýar.

Parižde geçirilen şenbe günki demonstrasiýada bu hereketiň bosgunlykdaky bir toparynyň lideri Marýam Rajawi dünýäniň esasy güýçlerini “Eýranyň režiminiň göwnüni tapmak ugrunda öz wagtlaryny ýele sowurýanlykda” tankytlady.
XS
SM
MD
LG