Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky sil heläkçiliklerinde azyndan 37 adam öldi


BMG-niň we Owganystanyň resmileri bu ýurduň durli regionlarynda dowam eden agyr ýagynyň netijesinde sil heläkçilikleriniň ýüze çykandygyny mälim etdiler.

Resmileriň maglumatyna görä, bu sil heläkçiliklerinde azyndan 37 adam ölüp, onlarça adam dereksiz ýitipdir.

Sil suwunyň Owganystanda müňlerçe gektar oba hojalyk ekinlerini we köpsanly ýaşaýyş jaýlaryny weýran edendigi habar berilýär.

Ghor welaýat häkimliginiň metbugat sekretary Abdul Haý Hatebi diňe şu welaýatyň dört etrabynda bolan sil heläkçiliginde 24 adamyň ölendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG