Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň Aktobe şäherinde iki adam öldürildi


Gazagystanyň polisiýasy ýurduň Aktobe şäherinde geçirilen ýörite operasiýada iki adamyň öldürilip, ýene biriniň ýaralanandygyny habar berdi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, şenbe güni gurnalan bu operasiýa bir polisiýa işgäriniň öldürilmegi bilen baglanyşykly waka boýunça geçirilipdir.

Ýerli şaýatlar bu wakada howpsuzlyk güýçleriniň Aktobe şäherindäki bir ýaşaýyş kwartalynyň birnäçe jaýynyň ýaşaýjylaryny wagtlaýynça ewakuasiýa edendiklerini gürrüň berdiler.

Bu operasiýada öldürilen adamlaryň kimlerdikleri barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG