Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe NATO-nyň gyssagly maslahat geçirmegine çagyryş etdi


Ýekşenbe güni Türkiýe öz harby uçarynyň Siriýa tarapyndan atylyp ýere gaçyrylmagy bilen baglanyşykly waka boýunça NATO-nyň gyssagly maslahatynyň geçirilmegine çagyryş etdi.

Bu barada ýekşenbe güni eden çykyşynda Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Türkiýäniň harby uçarynyň adaty türgenleşik uçuşy wagtynda ýalňyşlyk bilen Siriýanyň howa giňişligine geçendigini aýtdy.

Anna güni bolan bu wakada Siriýanyň howa goranyş güýçleri Türkiýäniň bu uçaryny atyp ýere gaçyrdylar. Uçardaky iki pilotdan henizem hiç hili habar-hatyr ýok.

NATO-nyň ministrleri bu bolan waka boýunça şu geljek hepdäniň sişenbe güni maslahat geçirmekligi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG