Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Mohammad Mürsi prezident saýlandy


Saýlaw komissiýasy bu saýlawlarda Muhammad Mürsiniň sesleriň 51.7 prosentini alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Saýlaw komissiýasy bu saýlawlarda Muhammad Mürsiniň sesleriň 51.7 prosentini alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Ýekşenbe güni giçlik Müsüriň Merkezi saýlaw komissiýasy geçen hepde geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň gutarnykly netijesini yglan etdi.

Müsürde geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda “Musulman Doganlygy” partiýasyndan kandidat Mohammad Mürsi bilen ýurduň ozalky premýer-ministri Ahmed Şafik özara bäsleşipdi.

Saýlaw komissiýasy bu saýlawlarda Muhammad Mürsiniň sesleriň 51.7 prosentini alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi. Komissiýanyň maglumatyna görä, Ahmed Şafik sesleriň 48.3 prosentine eýe bolupdyr.

Saýlawlaryň netijesiniň yglan edilmeziniň öňýany bu kandidatlaryň ikisiniň-de tarapdarlarynyň köpçülikleýin köçä çykmaklary netijesinde, paýtagt Kairde howpsuzlyk çäreleri ur-tut güýçlendirildi.

Mohammad Mürsiniň tarapdarlary bu täzeligi Kairiň “Tahrir” meýdançasynda uly şowhun bilen garşy aldylar. Kair, 24-nji iýun, 2012.

Mohammad Mürsiniň tarapdarlary bu täzeligi Kairiň “Tahrir” meýdançasynda uly şowhun bilen garşy aldylar. Kair, 24-nji iýun, 2012.

Ýekşenbe güni saýlawlaryň netijesi yglan edilen badyna, “Musulman Doganlygy” partiýasynyň wekili Mohammad Mürsiniň tarapdarlary bu täzeligi Kairiň “Tahrir” meýdançasynda uly şatlykly şowhun bilen garşy aldylar.

16-17-nji iýunda geçirilen bu prezidentlik saýlawlary Müsüriň taryhynda geçirilen ilkinji erkin saýlawlar hökmünde alamatlandy. Ýöne, beýleki tarapdan, bu saýlawlar müsürlileriň arasynda uly gapma-garşylyklary-da ýüze çykardy.

Köp raýatlar Hosni Mübärek döwründe premýer-ministr bolup işlän Ahmed Şafygyň prezident saýlanan halatynda, ýurda ýene-de gaýtadan Hosni Mübäregiň döwründäki ýaly harby režimiň dolanyp gelmeginiň mümkindigini aýdyp, muňa garşy çykyş etdiler.

Raýatlaryň beýleki bir topary bolsa, “Musulman Doganlygy” partiýasynyň wekiliniň döwlet liderligine saýlanan halatynda, munuň yslam dininiň gymmatlyklaryny döwlet syýasatyna getirmeginiň mümkindigini aýdyp, öz aladalaryny bildirdiler.

Müsüriň saýlaw komissiýasy bu prezidentlik saýlawlaryna ses bermäge hukugy bolan ilatyň 51.8 prosentiniň gatnaşandygyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG