Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazojak-Daşoguz ýolunyň hupbatlary


Gazojak-Daşoguz ýolunyň bir böleginiň görnüşi. Iýun, 2012.
Gazojak-Daşoguz ýolunyň bir böleginiň görnüşi. Iýun, 2012.
Türkmenistanyň şäherara, welaýatara awtoýollarynyň islendiginde diýen ýaly kireý edýän hususy taksi sürüjiler bar. Bu ýagdaý Lebap welaýatynyň Gazojak şäherinden Daşoguza barýan ýolunda-da şeýle.

Bu ýoluň Türkmenistandaky ähli welaýatara awtoýollarynyň arasynda iň erbedidigini şol ýoldan taksili geçip görenler aýdýarlar. Aslynda, bu ýol raýatlara hyzmat etmek üçin däl-de, soýuz döwründe gaz gözleýjiler we geologlar üçin gurlan ýol.

200 kilometri 4.5 sagatda

Gazojak-Daşoguz ýolunda öz hususy ulagynda kireý edýän 35 ýaşly Ökdem özara söhbetdeşlikde uzynlygy 200 kilometre golaý bu ýoly hatda ökde sürüjiniň-de azyndan dört ýarym sagatda geçýänligini aýtdy.

“Bu ýola öňden belet bolmadyk adam ondan asla geçip bilmez. Biz bu ýoly ýat tutduk. Niresinde nähili çukurlarynyň, gum üýşmekleriniň bardygyny bilemizsoň, bu ýoldan geçip bilýäs” diýip, Ökdem gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, Gazojak-Daşoguz awtoýolunda kireý edýänleriň aglabasy “Jeep” ulaglarynda kireý edýärler. Ol: “Ulagyň ‘Jeep’ bolmasa, işiň gaýdýar – gum üýşmeklerinde batýaň. Ondan başga-da, birwagtlar düşelen asfaltdaky dörän çukurlar zerarly maşynyňa uly zyýan ýetýär” diýip, ýagdaýy düşündirdi.

Ökdem “Nissan” kysymly öz ulagynyň şaýlaryny tiz-tizden çalşyp durýanlygyny aýdyp, şeýle gürrüň berdi: “Her aýda maşynyň ähli amortizatorlaryny, her hepdede diýen ýaly tormozyň şaýlaryny çalşyp durýan. Daşoguza çenli bir adamdan 30 manat alýas we hepdede 3 gezek gatnaýas. Şeýlelikde, girdejimiziň ep-esli bölegi ulagyň şaýlaryny çalyşmaga gidýär”.

Ýoluň “gyzykly wakalary”

Gazojak-Daşoguz awtoýolunyň gyrasyndan Türkmen kanaly geçýär. Türkmen kanalynyň gyrasyna üýşürilen çäge tümmekleri guransoň, bu çäge şemal arkaly awtoýoluň üstüni örtýär. Netijede, gürrüň berişlerine görä, “gyzykly wakalar” hem ýüze çykýar...

Bu barada Gazojak-Daşoguz aralygynda kireý edýän Ökdem şeýle gürrüň berýär: “Ýoluň 100-120 kilometrliginde bu ýoldaky iň uly çäge üýşmegi ýerleşýär. Oňa meniň ýaly kireý edýän sürüjiler we beýlekiler ‘Genjiniň çägesi’ diýýärler. Maşynlaryň bu çägä batýanyny görüpm, Genji diýen bir adam öz hususy taraktorynda batan maşynlary çekip çykarýar we çägeden çykaran her maşynynyň sürüjisinden 10 manat pul alýar. Soň, görüp otursak, Genji çägäni öz traktory bilen üýşüren eken. Şeýlelikde, çäge üýşmegine ‘Genjiniň çägesi’ diýip at dakyldy. Genjä bolsa taksiçiler üýşüp temmi berdiler”.

Bu ýoluň döredýän kynçylyklary barada Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, 46 ýaşly Yhlas aga hem: “Meniň aýalym daşoguzly bolansoň, aýalymyň garyndaşlarynyňka gitmek bilen, Gazojak-Daşoguz ýolundan kireý edýän taksiçiler bilen birnäçe gezek geçip gördüm. Bu ýoldan geçip, Daşoguza baraňsoň, hiç zada ýaraman, birnäçe günläp diňe ýatmaly bolýaň” diýip, gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, daşoguzlylaryň arasynda indi köp ýyldan bäri “Gazojak-Daşoguz ýoly hökümet tarapyndan bejeriljekmiş” diýen gürrüň hem bar.

“Ýöne bu barada diňe raýatlardan eşidýän. Bejerilen ýol bolsa ýok. Bu ýolda kireý edýänleriň gazanjy halal. Ol sürüjileri dünýäniň awtorallilerine gatnaşdyrsaň hem gowy netije gazanmaklary mümkin” diýip, türkmenabatly Yhlas aga özara gürrüňdeşlikde aýdýar.

Lebap welaýatynyň Gazojak şäherinden Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherine çenli uzap gidýän bu ýol türkmen-özbek serhedine golaý ýerleşýär. Gurlanyna 40 ýyldan gowrak wagt geçen-de bolsa, bu ýol häzire çenli bir gezek hem bejerilmändir.
XS
SM
MD
LG