Sepleriň elýeterliligi

Ylmy derejeler nähili ykrar edilýär?


Häzir Birleşen Ştatlarda, magistr, doktor ylmy atlaryny, şeýle hem ylymlaryň kandidaty, doktory derejesini almak üçin magistraturada, aspiranturada, dokturanturada okap ýörenleriň sany hem köpeldi.

Häzir Birleşen Ştatlarda, magistr, doktor ylmy atlaryny, şeýle hem ylymlaryň kandidaty, doktory derejesini almak üçin magistraturada, aspiranturada, dokturanturada okap ýörenleriň sany hem köpeldi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýun – Ylymlar gününde alymlar bilen eden maslahatynda ýurdumyzda alymlaryň öz ylmy işlerini gorap bilmekler üçin zerur bolan ýörite Ylmy attestasion Geňeşiň we olaryň goran ylmy derejesini tassyklaýan Ekspertler Geňeşiniň dürli sebäpler bilen häzire çenli açylmaýandygyny berk tankyt etdi.

Türkmenistanda 1995-nji ýylyň iýulyndan bäri, Ylmy attestasion Geňeşiň we ylmy derejeleri tassyklaýan Ekspertler Geňeşiniň işlemeýändigi sebäpli, alymlar ylmy dereje alyp bilenoklar. Şonuň üçin daşary ýurduň magistratura, aspirantura programmalaryny tamamlap, magistr, ylymlaryň kandidaty, hatda ylymlaryň doktory adyny daşary ýurtda alyp gelen ýaş alymlarymyz az däl.

Türkmenistanda Ekspertler Geňeşi işlemänsoň, daşary ýurtda alnan alymlyk derejeleri häzirlikçe ykrar edilenok. Ýöne 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda öňki Soýuz respublikalarynda ylymlaryň kandidaty, doktory derejesini alan adamlarymyzyň bir bölegi ol ylmy derejelerini, Ekspertler Geňeşiniň ýapykdygyna garamazdan, başarjaňlyk bilen ykrar etdirmegi başarypdyrlar. Ýöne Nyýazow 2000-nji ýylyň başyndan daşary ýurtda alnan alymlyk derejelerini ykrar etmezlik hakynda anyk görkezme berensoň, şondan bäri daşary ýurtda alnan alymlyk derejeleri, alymlyk atlary ykrar etmek togtadyldy.

Ýöne häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýokary attestasion Komitetinde daşary ýurtda alnan alymlyk derejelerini we alymlyk atlaryny ykrar etmek boýunça düzgüniň üstünde işlenilýär. Ol düzgüniň ýakyn wagtda kabul edilmegine garaşylýar. Täze düzgün güýje girenden soň, öňki Soýuz respublikalarynda ylymlaryň kandidaty, doktory derejesini, professorlyk ylmy adyny alan adamlaryň ylmy derejeleriniň, atlarynyň ykrar ediljekdigine doly ynam bar.

Häzir öňki Soýuz respublikalarynda, Birleşen Ştatlarda, Türkiýede magistr, doktor ylmy atlaryny, şeýle hem ylymlaryň kandidaty, doktory derejesini almak üçin magistraturada, aspiranturada, dokturanturada okap ýörenleriň sany has hem köpeldi. Olar Türkmenistanyň ylmy ojaklarynda, edil ýurduň içinde ylymlaryň kandidaty derejesini alanlar ýaly, uly ýa-da esasy ylmy işgär, ylymlaryň doktory ýa doktor adyna eýe bolanlar bolsa esasy ýa baş ylmy işgär, magistrler bolsa uly ylmy işgär hökmünde işe alynýar.

Gepiň tümmegi, daşary ýurtda ylmy derejä we ada mynasyp bolanlaryň derejeleri ýurtda heniz ykrar edilmeýän hem bolsa, olaryň ylmy ýurduň içinde ylmy dissertasiýa goran alymlar bilen deň derejede görlüp, olar işe alynýar. Şonuň üçin, daşary ýurtda ylmy derejä we ada eýe bolanlara ýa boljaklara özleriniň alymlyk derejeleri we atlary Türkmenistanda ykrar edilmez diýip biynjalyk bolmaga esas ýok bolsa gerek.

Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG