Sepleriň elýeterliligi

Mürsi ‘ähli müsürliler’ üçin işlemegi wada berdi


“Musulman doganlygynyň” prezidentlige kandidaty bolan Mohammad Mürsiniň tarapdarlary onuň ýeňşini gutlaýarlar, Müsüriň Tahrir meýdançasy, 24-nji iýun.

“Musulman doganlygynyň” prezidentlige kandidaty bolan Mohammad Mürsiniň tarapdarlary onuň ýeňşini gutlaýarlar, Müsüriň Tahrir meýdançasy, 24-nji iýun.

Müsürde prezidentlige saýlanan yslamçy Mohammad Mürsi özüniň tutuş ýurduň lideri boljakdygyny yglan etdi. Ol ýekşenbe güni giçlik ýurduň milli telewideniýesinde eden çykyşynda: “Men ähli müsürlileriň prezidenti bolaryn” diýip wada berdi.

Şeýle hem Mürsi “rewolýusiýanyň hemme talaplary ýerine ýetirilýänçä” onuň dowam etdiriljekdigini sözüne goşdy.

Mohammad Mürsi Müsüriň şu wagta çenli öz üstüne alan ähli halkara borçlaryny ýerine ýetirjekdigini nygtady.

“Biz hemme ylalaşyklara we halkara kanunlaryna, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen Müsüriň baglaşan şertnamalaryna we öz üstüne alan borçlaryna hormat goýýarys” diýip, Mürsi aýtdy.

Mohammad Mürsi ýurtda adam hukuklaryna hormat goýmak, aýallaryň we maşgalalaryň hukuklaryny berjaý etmek, ýurtda kemsitleleriň ähli görnüşini ýok etmek babatda iş alyp barmagy wada berdi.

Müsüriň saýlaw komissiýasy saýlawlaryň gutarnykly netijesini yglan edende Mohammad Mürsiniň sesleriň 51,7 prosentini alyp ýeňiş gazanandygyny mälim etdi. Komissiýanyň maglumatyna görä, Ahmed Şafik sesleriň 48,3 prosentine eýe bolupdyr.

Şeýle hem Müsüriň saýlaw komissiýasy bu prezidentlik saýlawlaryna ses bermäge hukugy bolan ilatyň 51,8 prosentiniň gatnaşandygyny yglan etdi.

“Musulman doganlygynyň” prezidentlige kandidaty bolan Mohammad Mürsiniň tarapdarlary onuň ýeňşini gutlaýarlar, Müsüriň Tahrir meýdançasy, 24-nji iýun.

“Musulman doganlygynyň” prezidentlige kandidaty bolan Mohammad Mürsiniň tarapdarlary onuň ýeňşini gutlaýarlar, Müsüriň Tahrir meýdançasy, 24-nji iýun.

Tehniki ylymlarynyň professory Mohammad Mürsiniň saýlanmagy Müsüriň taryhynda ilkinji gezek ýurtda harby däl-de, eýsem dünýewi prezidentiň häkimiýet başyna gelmegini aňladýar.

1952-nji ýylda ýurtda harbylar tarapyndan häkimiýet agdarylyşygy amala aşyrylansoň, Müsüre diňe harby generallar ýolbaşçylyk edýärdiler.

Indi täze saýlanan prezident saýlawlar döwründe dürli toparlara bölünen halky birikdirmek ugurynda iş alyp barmaly bolar.

Şeýle hem Mohammad Mürsiniň soňky 16 aýyň dowamynda Müsüri dolandyran harbylar bilen bile işleşmeli boljakdygy aýdylýar.

Dünýa liderleri Mürsiniň saýlawlarda ýeňiş gazanmagyny hoşallyk bilen garşy aldylar.

Ysraýyl “Müsürdäki demokratik proseslere oňyn baha berip, onuň netijelerine hormat goýýandygyny” yglan etdi.

Britaniýanyň daşary işler ministri Williýam Heýg Mürsini ýeňşi bilen gutlap, bu wakany “Müsür üçin taryhy pursat” diýip atlandyrdy. Ol täze saýlanan prezidenti müsür jemgyýetini birikdirmäge we ýurtda adam hukuklaryny berjäý etmäge çagyrdy.

Eýranyň daşary işler ministri hem müsürlileri yslamçy kandidatyň ýeňşi bilen gutlap, Müsüriň “yslam galkynyşynyň” soňky tapgyryny başdan geçirýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG