Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Medeniýet” mejburlygy


Türkmenistanda çap edilýän gazet-žurnallaryň bir bölegi.

Türkmenistanda çap edilýän gazet-žurnallaryň bir bölegi.

Türkmenistanda “Medeniýet” žurnalynyň ilkinji sanynyň geçmän galan nusgalary yzyna ýygnalyp, täze neşiriň ozal az berlen ýa berilmedik kiosklaryna dargadyldy.

Aşgabatdaky garaşsyz çeşmä paýtagtyň 13-nji we 17-nji poçta, aragatnaşyk bölümlerinde aýdylmagyna görä, olaryň birinde “Medeniýetiň” 5, beýlekisinde 8 nusgasy geçmän galypdyr.

Fewral aýynda türkmen, rus we iňlis dillerinde, türkmen medeniýetini wagyz etmek üçin çykarylyp başlanan “Medeniýet” žurnalynyň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmeýändigi aýdylýar. Megerem şundan, iki aýdan bir gezek çykýan neşiriň her nusgasy 15 manatdan satylýar.

“Täze belentlikler” talaby

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilhalar tele we radio gepleşikleriň, gazet-žurnal makalalarynyň, kitaplaryň bolmagyny talap edýär. Ol 2010-njy ýylyň fewralynda türkmen žurnalistleriniň öňünde durýan uly wezipeleri ýatladyp, şeýle diýipdi:

“Biziň žurnalistlerimiziň taýýarlaýan oçerkleriniň we makalalarynyň öz ýüzi bolmalydyr. Tele-radio žurnalistlerimiz hem täze belentliklere galmalydyrlar. Umuman, publisistika işi giň gerime eýe bolmaly”.

“Medeniýet” žurnaly hem türkmen lideriniň metbugatdan edýän talaplarynyň çäginde döredilen neşirleriň biri hasaplanýar. Şol bir wagtda, ýurduň metbugat bazarynda peýda bolýan pudaklaýyn neşirleriň, gowy usulda, reňkly kagyzlarda we ýokary çap hilinde çykarylmagyna garamazdan, öz okyjysyny tapmakda kynçylyk çekýändigi bellenýär.

Mazmun we mejbury abuna “çözgüdi”

“Eurasianet.org” internet neşiri 14-nji iýunda dünýäniň köp ýerindäki gazet eýelerini alada goýýan tiraž meselesiniň Türkmenistanda hökümet işgärlerini mejbury abuna ýazmak bilen çözülýändigini, aýdaly, “Türkmen dili” gazetini 117500 abunaçynyň ýazylyp alýandygyny, rus dilindäki “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň bolsa 49100 abunaçysynyň bardygyny ýazdy.

“Türkmen dili” gazeti ýurtdaky iň arzan neşirleriň biri hasaplanýar. Şol bir wagtda her sany 1 manatdan satylýan “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň we täze çykyp başlan “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň beýleki neşirlere garanda geçginlidigi aýdylýar.

“Medeniýet” žurnalynyň ilkinji sanynyň okyjylar tarapyndan o diýen gyzgyn garşylanmazlygynyň bir sebäbi “onuň bahasynyň aşa gymmatlygyndan görülse, ikinji sebäbi mazmunynda” diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew “Medeniýetiň” bada-bat okyjy tapyp bilmezligini şeýle düşündirdi: “Üýtgeşik hiç zat ýok, şol öňki zatlar, şol öňki propaganda, döwlet baştutanyny, häzirki döwri wasp etmek. Ýöne owadan, suratly žurnal, mazmuny oň ýaly owadan däl-dä...”

Ýöne Bugaýew bu ýerde meseläniň diňe täze neşiriň mazmunynda däldigini, köne nesliň täze elipbiýde okap bilmezligi, täze nesliň ýerli metbugatdan daşlaşmagy, internet ýaly faktorlary hem nazar almalydygyny ýatladýar. Ikinji tarapdan, “ýurtda metbugat wagzy, täze neşirler, kitaplar barada habar, syn bermek ýok diýerlik” diýip, synçylar aýdýarlar.

Ýöne muňa garamazdan, “Medeniýet” turuwbaşdan 10 müň nusgada çykarylýar. Amanmyrat Bugaýew bu neşire, “wezipäň bolmasa, hökman ýazylarsyň” diýen zorlugyň ýokdugyny, ýöne oňa medeniýet ugrundan işleýänleriň köpüsiniň ýazylmaly edilendigini tassyk edýär.

Geçginli neşirleriň syry

“Medeniýetden” tapawutlylykda, 60-70 prosent 30-40 ýyl ozal kitap bolan terjimeleri çap edýän hem bolsa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň geçginlidigi aýdylýar.

Aşgabatly şahyr Aşyrguly Baýryýew Türkmenistanda soňky ýyllar gowy kagyzlarda çap edilýän pudaklaýyn neşirleriň, kanun ýygyndylarynyň köpelendigini we olaryň bahasynyň adaty okyjy alardan has gymmatdygyny aýdýar. Onuň pikiriçe, “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň geçginliligi onda “okar ýaly zatlaryň çap edilmegi bilen bagly”.

“Dogry, olam köp babatda türkmen gazetlerine meňzäp barýar, ýöne näme-de bolsa, bir okar ýaly zatlar berilýär. Tehnika, ylma degişli zatlar berilýär, syýasata degişli zatlar-a onda berilmeýär kän” diýip, Baýryýew aýdýar.

Ýerli synçylaryň köpüsi, şol sanda Amanmyrat Bugaýew türkmen metbugatynyň ilhalar bolmagy üçin gadaganlyklaryň, dürli çäklendirmeleriň we senzuranyň aýrylmagyny baş şert edip goýýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG