Sepleriň elýeterliligi

Kuleý Merkezi Aziýadaky “Uly oýunlar” barada


Gazagystan-Hytaý gazgeçirijisiniň gurluşygynyň ýola goýluş dabarasynda, 2008-nji ýylyň 9-njy iýuly.

Gazagystan-Hytaý gazgeçirijisiniň gurluşygynyň ýola goýluş dabarasynda, 2008-nji ýylyň 9-njy iýuly.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa boýunça tanymal ekspertleriniň biri, Kolumbiýa uniwersitetiniň Barnard kollejiniň professory Aleksandr Kuleý “Uly oýunlar, ýerli düzgünler: Merkezi Aziýada güýç ugrundaky täze bäsleşik” atly kitabyny çap etdi.

Kuleý öz kitabynda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-da amala aşyrylan terroristik hüjümden soň Merkezi Aziýa sebitinde uly güýçleriň, ýagny ABŞ-nyň, Orsýetiň we Hytaýyň başlan özara bäsleşigine ünsi çekýär.

“Aktual gürrüň” gepleşiginiň bu sanynda Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew kitabyň awtory Aleksandr Kuleý bilen söhbetdeş boldy. Ol öz kitabynyň mazmuny, şeýle-de onda öňe sürülýän esasy pikirler barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Kitabyň mazmuny barada gürrüňe başlamazdan ozal, men kitabyň sahabynda ýerleşdirilen surat barada soramaçky. Kitabyň daş ýüzünde Merkezi Aziýa sebitine meňzeýän bir şekliň daşynda aždarhanyň, aýynyň we bürgüdiň abanyp durandygyny görmek bolýar. Siz munuň manysyny düşündirseňiz?

Aleksandr Kuleý: Hawa, dogry. Kitabyň daş ýüzünde ýerleşdirilen jandarlar ýurtlary aňladýar. Bürgüt – ABŞ-y, aýy – Orsýeti we aždarha – Hytaýy şekillendirýär. 2001-nji ýyldan soň bu ýurtlaryň Merkezi Aziýa sebitine gönükdirýän ünsi juda artyp başlady. Munuň netijesinde-de bu ýurtlaryň arasynda özara bäsleşik peýda boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyza “Uly Oýunlar, Ýerli düzgünler: Merkezi Aziýada güýç ugrundaky täze bäsleşik” adyny beripsiňiz. Bu barada gürrüň berseňiz.

Kolumbiýa uniwersitetiniň Barnard kollejiniň professory Aleksandr Kuleý

Kolumbiýa uniwersitetiniň Barnard kollejiniň professory Aleksandr Kuleý

Aleksandr Kuleý: Bilýäňizmi, kitabyň adynyň belli bir derejede yaňsyly manysy bar. Köp media kommentatorlary kitabyň adynyň “uly oýun” bölegini regiondaky bäsleşik bilen baglanyşdyrýarlar.

“Uly oýun” diýlende, 19-njy asyrda Merkezi Aziýa regionyna kontrollyk etmek ugrunda Britan we Orsýet imperiýalarynyň özara bäsleşigi göz öňünde tutulýar. Kommentatorlaryň aglabasy hem “bä, serediň, biz täze bir ‘uly oýna’ şaýat bolýarys” diýen pikiri öňe sürdüler. Emma häzirki bäsdeşler, ýagny ABŞ, Hytaý we Orsýet Merkezi Aziýa kontrollykdan ötri, onuň tebigy baýlyklaryny almak ugrunda täsirli bolmaga synanyşýarlar.

Ýöne meniň kitabymda hem nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa yza tarap gaýdan region bolman, ol tersine, öňe barýan bir sebit. Men Merkezi Aziýany “post-günbatar dünýäsiniň bir bölegi” diýip atlandyrýaryn. Ýagny, bu diýýän dünýämde ABŞ-nyň regiondaky täsiri pese gaçýar, munuň tersine, Hytaýyňky artýar.

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyza başlangyç esas hökmünde 2001-nji ýyly alypsyňyz. Muňa aýratyn bir sebäp barmy?

Aleksandr Kuleý: Hawa, munuň ençeme sebäbi bar. Ilkinji nobatda 11-nji sentýabr wakalary. Mundan ozal Waşington häzirkisi ýaly, Merkezi Aziýa sebitine içginden ýakynlaşmandy. 9/11 wakalaryndan soň ABŞ Owganystandaky alyp barýan operasiýalaryny goldamak üçin, Merkezi Aziýada özüniň bazalaryny, ýük daşamak üçin merkezlerini açdy. Bu häzirki günde hem saklanyp galýar. Muňa mysal hökmünde “Manas” harby bazasyny ýa-da ýükleri daşamak üçin ulanylýan Demirgazyk üpjünçilik ýoluny getirip bolar. Ýöne şol bir wagtyň özünde edil şol ýyl Hytaý Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ilkinji mejlisini geçirdi. Bu hem 2001-nji ýyly başlangyç esas edip almagymyň bir sebäbi.

Ýene-de bir hökman nygtap geçmeli ýagdaý bar, Orsýetiň täze saýlanan prezidenti Wladimir Putin hem şol ýyllar Merkezi Aziýa has ýakyndan aralaşyp başlapdy. Şeýlelikde taraplaryň bähbtileri 2000-2001-nji ýyllarda eýýäm çaknyşyp başlady. Ýöne ABŞ-nyň birden Owganystana girmegi, beýleki iki ýurduň – Orsýet bilen Hytaýyň – region baradaky aladalaryny güýçlendirdi.

Azatlyk Radiosy: Aleks, ýaňy belläp geçen 2001-nji ýylyňdan hasap tutup, Orsýetiň, ABŞ-nyň we Hytaýyň her birinde aýratynlykda durup geçäýseň. Ýagny, olaryň her biriniň bu regiona nädip çemeleşendigi we näderejede täsirli bolandygy barada maglumat beräýseň?

Aleksandr Kuleý: Hawa, elbetde. Geliň, başda ABŞ-nyň üstünde durup geçeliň. Waşington Owganystandaky alyp barýan operasiýasy sebäpli, özüniň sebitdäki gatnaşyklaryny enjamlaşdyrdy diýilse bolar. Ýagny, ol howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny ilkinji nobatda öňe sürüp, özüniň regiondaky demokratiýa we adam hukuklary ýaly meselelerine başgaça çemeleşip başlady. Netijede bu iki arada käbir dartgynly ýagdaýlar hem bolup geçdi. Esasan hem, Özbegistandaky Andijan wakalaryndan soň bu ýagdaý has hem orta çykdy.

Elbetde, Waşington bu meseleler boýunça özüniň närazylygyny bildirjek boldy. Ýöne Merkezi Aziýanyň döwletleri “eger-de biz bilen howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk etjek bolsaň, onda bize adam hukuklary barada takal okamagyňy bes et” diýen ýaly äheňde duýduryş etdiler.

Orsýet barada aýdylanda, Moskwanyň esasy aladasy, özüniň regiondaky agalygyny saklap galmakdy. 9/11 wakalaryndan soň, Moskwa ABŞ-nyň regiona aralaşmak planlaryny hyzmatdaşlyk üçin gowy mümkinçilik hökmünde kabul edipdi. Ýagny, Orsýet olaryň arasynda araçylyk etjekdi. Emma haçan-da Waşington Merkezi Aziýanyň hökümetleri bilen gönüden-göni ikitaraplaýyn gepleşiklere geçeninde, Orsýet ýagdaýlaryň başgaçarak ugur boýunça ýaýbaňlanjagyna göz ýetirdi.

Şol bir wagtda, Orsýet Hytaýyň täsirinden hem ägä bolýar. Orsýet hernäçe Pekin bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýtsa-da, Merkezi Aziýada Hytaýyň täsiriniň artmasyndan juda aladalanýar.

Merkezi Aziýa Hytaý üçin hem juda wajyp bir region. Merkezi Aziýa döwletleriniň garaşsyzlygynyň ilkinji on ýyllygynda Pekin olara onçakly uly üns hem bermändi. Emma soňra Hytaý bu regiona çynlakaý aralaşdy. Munuň sebäpleri-de bir tarapdan energiýa serişdeleri bolsa, beýleki bir tarapdan, özüniň günbatar araçäklerindäki, ýagny Sinszýan regionundaky separatistik hereketlere kontrollyk etmekdi.

Şunlukda bu üç ýurduň her biriniň regionda başga-başga maksatlary bolsa-da, ondan ötri olaryň ählisi Merkezi Aziýa aralaşýar.

Azatlyk Radiosy: Indi ýaňky aýdýan üç güýjüňiziň regiondaky özara gatnaşyklary barada gürrüň berseňiz. Bu gatnaşyklarda kim has üstünlikli boldy?

Aleksandr Kuleý: Bu taýda dürli-dürli garaýyşlar we çemeleşmeler boldy. Şeýle-de bolsa, elbetde, özara bäsleşik boldy. Men ýagdaýlaryň öňki “uly oýun” görnüşine ýazmaýandygyny aýtsam-da, bu hiç hili bäsleşigiň bolmandygyny aňlatmaýar. Mysal üçin, Orsýet bilen ABŞ “Manas” harby bazasy ugrunda özara bäsleşipdi. Olaryň her biri 2009-njy ýylda Bakyýewiň hökümetine baza üçin esli pul serişdelerini hödürläpdi.

Şol bir wagtda Orsýet bilen Hytaýyň nebit-gaz kompaniýalary energiýa serişdeleri ugrunda özara bäsleşýärler. Ýöne nähili hem bolsa Moskwa bilen Pekiniň birleşip, Günbataryň täsirine garşy durýan ýerleri hem bar. Mysal üçin, saýlawlary alyp göreliň. Günbatardan saýlawalara köplenç ÝHHG-niň wekilleri gatnaşýar. Şol bir wagtda GDA we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy hem öz gözegçi toparlaryny düzüp, olary saýlawlara ugradýarlar. Netijede, soňky iki guramanyň gözegçileri has optimistik netijeleri çykarýarlar.

Regionda haýsy güýjüň has üstünlikli çykyş edýändigi barada gürrüň edilende, meniň pikirimçe, olaryň ählisine-de belli bir derejede ýeňiji diýip bolar. Olaryň ählisi öňünde goýan kiçi maksatlaryny, ýagny “plan minimumlaryny” amala aşyrdymyka diýýän. Ýöne iň köp üstünligi kim gazandy diýseňiz, belki-de, bu Hytaý bolsa gerek. Soňky wagtlarda onuň regiondaky, esasan hem Türkmenisandaky täsiri juda artdy.

Azatlyk Radiosy: Aleks, bilşiňiz ýaly, 2014-nji ýylda Owganystandan halkara goşunlaryny çykarmak planlaşdyrylýar. Bu Merkezi Aziýa sebitine nähili täsir eder? Munuň netijesinde täze bir döwür başlanyp bilermi ýa-da owalky proses dowam edermi?

Aleksandr Kuleý: Meniň pikirimçe, öňki ýagdaýlar dowam eder. Ýöne, elbetde, täzelikler hem bolar. Meniň pikirimçe, ABŞ-nyň Owganystandan çykmagy bilen, ýagdaýyň çaýkanmagy mümkin. Munuň netijesinde Hytaýyň hem zyýan çekmegi mümkin. Dogry, Hytaý Owganystana köp sermaýa ýatyrýar, ýöne ol muny ABŞ-nyň ol ýerdäki esgerlerine, ýagny howpsuzlyga bil baglap edýär. Mundan soň Pekiniň nädip öz sermaýasyny gorajagy hem aýratyn sowal bolup galýar.

Orsýet hem mundan peýdalanyp, elbetde, özüniň täsirini artdyrmak ugrunda hereket edip başlamagy mümkin. Ýagny, ol Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmak ugrunda tagalla eder.

Ýöne, umuman aýdylanda, köp zat üýtgemezmikä diýýän. Elbetde, regionda kimiň agalyk etmelidigi barada belli bir bäsleşik bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG