Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Assadyň režimine garşy täze sanksiýalary girizýär


Ýewropa Bileleşigi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy täze sanksiýalary girizdi.

ÝB-niň daşary işler ministrleriniň Lýuksemburgda geçirýän maslahatynda Siriýanyň bir şahsyýetine we alty şirketine garşy sanksiýa girizmek barada ylalaşyga gelindi.

Sanksiýa girizilenleriň atlary häzirlikçe yglan edilmedi.

Duşenbe güni kabul edilen bu karara geçen anna güni NATO-nyň agzasy Türkiýäniň uçaryny Siriýanyň harby güýçleri urup ýykanyndan soň gelindi.

Türkiýäniň haýyşy esasynda NATO-nyň ilçileri uçar bilen bagly waka boýunça sişenbe güni duşuşmaklygy planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG