Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň owgan serhedinde talybanlar alty esgeri öldürdiler


Pakistanyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, ýekşenbe güni Owganystandan gelen 100-den gowrak talyban söweşijisi Pakistanyň üç sany harby postuna hüjüm edipdir we azyndan alty esgeri öldüripdir.

Ikitaraplaýyn atyşykda azyndan 11 talyban söweşijisiniň hem öldürilendigini we Soni Darr sebitinde bolan bu atyşygyň 40 minutlap dowam edendigini resmiler aýdýarlar.

Pakistanyň Malakand sebitiniň Tehrik-e-Talyban toparynyň sözçüsi Saruj ul-Hak hüjümiň jogapkärçiligini öz üstlerine alandygyny telefon arkaly Maşal Radiosyna aýtdy.
XS
SM
MD
LG