Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň yzyna çagyrylan ilçisi Bakuwa dolanýar


Eýranyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, Tähranyň ilçisi bir aýdan gowrak wagtdan soň Bakuwa dolanypdyr.

Ilçi Mohammad Bagir Bahrami anna güni öz wezipesine täzeden başlady diýip, Eýranyň ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Eýranyň daşary işler ministrligi 21-nji maýda maslahat etmek üçin öz ilçisini yzyna çagyrypdy. Şol döwürde Ýewrowideniýe-2012 bäsleşigi bilen baglylykda Eýranyň Azerbaýjana garşy propaganda ýöredenligi sebäpli Azerbaýjan Tährany aýyplady.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Eýrana degişli bolan adamlaryň Azerbaýjana garşy güman edilýän hüjümleri we Azerbaýjanyň Ysraýyl bilen gatnaşyklary sebäpli Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşypdy.
XS
SM
MD
LG