Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Ýakyn Gündogara sapar edýär


Duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ysraýyla bardy.

Iýerusalimde Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu bilen geçirilýän duşuşykda Putin Eýranyň ýadro programmasyny we Siriýa meselesini maslahat eder.

Orsýet Eýranyň ýadro programmasy boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ozalky dört sanksiýasyna goşuldy, ýöne Hytaý bilen bilelikde bu ugurdaky soňky çärelere garşy çykdy.

Sişenbe güni Wladimir Putin Palestinanyň territoriýalaryna barar we Palestin awtonomiýasynyň ýolbaşçysy Mahmud Abbas bilen duşuşar. Soňra Orsýetiň prezidenti Iordaniýa sapar eder.
XS
SM
MD
LG