Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa we Eýran Putiniň Ysraýyla saparynyň gün tertibiniň esasyny düzdi


Putin Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen hem duşuşdy, 25-nji iýun.
Putin Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen hem duşuşdy, 25-nji iýun.
Siriýadaky ýagdaý we Eýranyň dawaly ýadro programmasy Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň duşenbe güni Ysraýyla 24 sagatlyk saparynyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Putin Ysraýyla soňky gezek 2005-nji ýylda sapar edipdi. Şol sapar Orsýetiň prezidentiniň ýewreý döwletine eden ilkinji sapary bolupdy.

Ýurda gelip düşeninden soňra, Putin Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres bilen kenarýaka Netanýa şäherinde Ikinji Jahan urşunda Sowet goşunynyň nasistik Germaniýa garşy göreşde gazanan ýeňşine bagyşlanan ýadygärligiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

“Faşizmi basyp ýatyran Orsýetiň şu günki gün çalymdaş howpuň abanmagyna ýol bermejekdigine berk ynanýaryn. Ne Eýranyň howpuna, ne-de Siriýadaky gandöküşlige [Orsýet] ýol bermez” diýip, Peres dabarada eden çykyşynda nygtady.

Günüň dowamynda Putin Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen hem duşuşdy.

Gepleşiklerden soň eden çykyşynda Orsýetiň prezidenti Eýranyň ýadro programmasy we Siriýadaky ýagdaýlar boýunça “jikme-jik” maslahat edendiklerini aýtdy. Ol bu meseleleriň diňe gepleşikler arkaly çözülmelidigini nygtady.

“Arap Bahary diýlip atlandyrylan hereketleriň başlanan döwründe demokratik özgerişikleriň daşky güýçleriň goşulmazdan siwilizlenen görnüşde geçmelidigini Orsýet öz ýaranlaryny yzygiderli ynandyrmaklyga çalyşdy” diýip, Putin belledi.

Netanýahunyň aýtmagyna görä, Eýranyň ýadro öndürmeginiň Ysraýyla we dünýäniň beýleki ýurtlaryna howp abandyrýandygy barada Ysraýyl we Orsýet ylalaşypdyrlar.

Şeýle hem, ol Eýran meselesi boýunça Ysraýylyň esasy talaplaryny mälim etdi.

“Halkara jemgyýetçiligi Eýranyň öňünde üç sany açyk talaby goýmaly: Eýran urany baýlaşdyrmagy bes etmeli, şu wagta çenli baýlaşdyrylan ähli urany Eýrandan çykarmaly we Komuň golaýyndaky ýerasty ýadro desgasyny ýapmaly. Şeýlelikde, meniň pikirimçe, häzir iki iş edilmeli: sanksiýalary berkitmeli we talaplary güýçlendirmeli” diýip, Netanýahu aýtdy.

Sişenbe güni Putin Iordaniýa barmazyndan ozal Palestina sapar eder.

Saparyň öň ýanynda daşary syýasat boýunça Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Putiniň bu saparynyň “regionyň Orsýet üçin möhümdigine ünsi çekmek üçin gurnalandygyny we regionda Orsýetiň pozisiýasyny berkitmeklige gönükdirilendigini” aýtdy.

Eýran sanksiýalary

Ysraýyl we onuň günbatarly ýaranlary, urany baýlaşdyrmagy togtatmak baradaky görkezmeleri ret edýänligi sebäpli, Eýrana garşy berk sanksiýalary girizmekligi talap edip gelýärler.

Ýsraýyl Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmek mümkinçiliginiň özüne howp abandyrýandygyny we Eýranyň ýadro desgalaryna garşy harby hüjümleri amala aşyrmaklygy aradan aýyrmaýandygyny aýdýar.

Eýran bolsa atom ýaragyny öndürmek meýliniň ýokdugyny aýdýar.

Orsýet Eýranyň ýadro programmasy boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ozalky dört sanksiýasyna goşuldy, ýöne Hytaý bilen bilelikde bu ugurdaky soňky çärelere garşy çykdy.

Mundan ozal Orsýetiň gatnaşmagynda Eýran bilen dünýäniň ösen alty ýurdunyň Moskwada geçiren gepleşikleri uly netije bermedi.

Siriýadaky dawa boýunça Orsýet bilen Günbataryň arasyndaky gepleşikler hem haýal barýar. Siriýanyň režimi Sowet döwründe Orsýetiň ýarany bolupdy we häzir Siriýa Orsýetiň ýaragyny satyn alýan Ýakyn Gündogaryň esasy ýurdy bolmagynda galýar.

Siriýa garşy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň girizen sanksiýalaryna Hytaý bilen bilelikde Orsýet iki gezek garşy durdy.

Assadyň wezipesinden gitmegi üçin edilýän çagyryşlara, şeýle hem daşky güýçleriň goşulmagyna Orsýet berk garşy çykdy.

Orsýet Siriýa meselesi boýunça BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş agzasynyň we Siriýanyň goňşy döwletleriniň gatnaşmagynda halkara konferensiýany geçirmeklige çagyryş edýär.
XS
SM
MD
LG