Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HHU: ‘Bizde okuw tölegi ýok’


Germaniýanyň Düzeldorf şäheri halkara biznesiniň we halkara maliýesiniň merkezleriniň bir hasaplanýar. Bu şäherde ýerleşýän Heinrich-Heine Uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy doktor Anne Gellert bu ýokary okuw jaýy, oňa girmegiň şertleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Anne Gellert: Biziň uniwersitetimiz Germaniýanyň günbataryndaky Düzeldorf şäherinde, Reýn derýasynyň golaýynda ýerleşýär. Bu sebitde ýurduň köp sanly ýokary okuw jaýlary ýerleşýär. Umuman, Düzeldorf ýurduň senagat taýdan iň ösen şäherleriniň biridir.

Biziň uniwersitetimizde ençeme fakultet bar. Olaryň arasynda has öňden bäri dowam edip gelýäni medisina fakultetimizdir. Mundan başga-da biziň filosofiýa, sosial bilimler, matematika, ykdysadyýet we hukuk fakultetlerimiz bar.

Wideo: Heinrich-Heine Uniwersitetiniň Hukuk fakulteti



Azatlyk Radiosy: Anne, indi geliň durmuşdan bir mysala ýüzlenip, iş ýüzünde ýaşlaryň siziň ýokary okuw jaýyňyza girmekleriniň şertleri barada gürrüň edeliň.

Anne Gellert: Ilki bilen nygtajak zadym, biz ýokary okuw jaýymyz bilen gyzyklanyp ýazylan ähli e-mail hatlaryna jogap berýäris. Email adresimiz: isos@hhu.de. Şeýle-de gyzyklanma bildirýän talyplar biziň websaýtymyzdan hem köp peýdaly maglumatlary tapyp bilerler.

Gyzyklanýan ýaşlara ýüzlenýärin, bize soraglaryňyz bilen arkaýyn hat ýazyp bilersiziň. Biz size okuw we Düzeldorfyň ýaşaýyş şertleri boýunça ähli jikme-jik maglumatlary bereris.

Azatlyk Radiosy: Okuwa girmek üçin haýsy resminamalary tabşyrmaly?

Anne Gellert: Bu bir çylşyrymlyrak mesele. Biz gyzyklanýanlaryň biziň websaýtymyza girip görkmeklerini maslahat berýäris. Ýöne, her niçigem bolsa, hökmany hödürlemeli resminamalaryň arasynda okuwy tamamlandygy baradaky şahadatnamanyň nemes diline terjime edilen nusgasy, eger-de talyp mundan öň hem ýokary okuw jaýynda okan bolsa, onda onuň bahalarynyň transkripti, şeýle-de nemes dilini bilýändigi barada şahadatnama gerek. Bilşiňiz ýaly, nemes diliniň derejesini kesgitleýän ýörite “TestDaF” synagy bar. Biziň ýokary okuw jaýymyz üçin talybyň “TestDaF” synagyndan azyndan dördünji derejesi bolmaly. Bize bu baradaky şahadatnama hökmany ýagdaýda gerek.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, siziň sapaklaryňyz diňe nemes dilinde geçirilýär-dä?

Anne Gellert: Bizde iňlis dilinde hem käbir sapaklar berilýär. Ýöne bular magistratura derejesine degişli. Bakalawr derejesindäki sapaklar diňe nemes dilinde geçirilýär.

Azatlyk Radiosy: Okuwyň tölegi nähili?

Anne Gellert: Germaniýada okuw okamak arzan. Bizde hiç hili töleg ýok. Öň administratiw çykdaýjylar üçin, her semestr 500 ýewro tölemelidi, ýöne häzir bu hem ýatyryldy. Şunlukda, okuw doly mugt. Emma her semestr talybyň jemgyýetçilik tölegi diýen ýaly zat bar. Bu pul hem talybyň özüne harç edilýär, ýagny her dürli jemgyýetçilik çärelerine petekler alynýar.
XS
SM
MD
LG