Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilimdäki bilimsizlige garşylyk


Türkmenistanyň orta bilim hakyndaky şahadatnamasy.
Türkmenistanyň orta bilim hakyndaky şahadatnamasy.
Türkmenistanyň paýtagtynda orta mekdepleriň gutardyş şahadatnamalarynda baha galplaşdyrmaga garşy çäre görülýär.

Ýerli synçylar bu çäräniň uçurymlaryň klas žurnallaryndaky ýetişigi bilen gutardyş attestatyndaky bahalarynyň aratapawudyny azaltmak üçin görülýändigini aýdýarlar.

Resmi bolmadyk, ýöne garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanýan habarlara görä, şu ýyl Aşgabat şäheriniň bilim bölümi mekdep direktorlaryna uçurymlaryň klas žurnallaryndaky bahalary bilen gutardyş şahadatnamalaryndaky bahalarynyň aratapawudynyň deňeşdiriljegini, ýagny ýörite barlag geçiriljegini öňünden duýdurypdyr.

Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” topary şeýle barlagyň 22-nji iýunda, uçurymlara attestat gowşurylmazyndan bir gün öň geçirilendigini we bu çäräniň oňyn netije berendigini ýazýar.

“Bahaň 5-likle diýseň...”

Pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdar Ataýew Orsýetde ýaşaýar. Ol Türkmenistanda bilimdäki gaplaşdyrma garşy görülýän çäreleri gutlap, Orsýete okamaga gelýän türkmen ýaşlarynyň arasynda attestaty gowy bahaly, emma bilim derejesi örän pes oglan-gyzlara az duşmaýandygyny gürrüň berdi.

“Gelen okuwçylaram aýdýar: “Bahaň 5-likle, rus dilinde abat gepläp bileňok, sapaklaryňy bileňok, şu alan bahalaryň hakykymy?” diýseň, “Häzir Türkmenistanda baha almak kynçylygy ýok, belli bir mukdarda berseň, hatda direktor hem däl, attestat ýazýan mugallymlar hem islän bahaňy ýazyp, attestatyňy dolduryp berip goýberýär” diýýär” diýip, Serdar Ataýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýew Türkmenistanda halal işleýän mugallymlaryň kändigini aýdýar, ýöne ol uçurymlaryň içinde “üçlüksiz attestat” edinmek üçin tanyş-bilişlige, para-peşgeşe daýanýanlaryň bardygy bilen hem ylalaşýar.

“Ýokary okuw jaýynda uçurymlaryň dokumentleri kabul edilende, eger-de attestatda 3-lük baha bar bolsa, onda şol attestaty almakdan ýüz öwrülip başlanyldy – diýip, Baýryýew aýdýar. - 3-lük attestaty alaýan ýagdaýlarynda-da, şol uçuryma para-peşgeş bilen okuwa girmek mümkinçiligem gaty çäklendirildi.”

Adalatyň dikeldilmegine umyt

Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew häzirki günde uçurymlaryň hakyky bilim derejesini kesgitlemek, bilimde galplygy azaltmak üçin edilýän tagallalaryň SSSR-iň
Şol gowşurylýan tapawutlanan attestatlaryň sany juda köpdi, hatda şol attestatlary kimiň aljakdygyny klasdaşlary öňünden bilýärdiler.
Amanmyrat Bugaýew
soňky ýyllarynda, 1983-84-nji ýyllarda geçirilen barlaglary ýatladýandygyny aýdýar. Şonda attestatlaryndaky bahalaryny galplaşdyrmak arkaly okuwa giren studentleriň okuwdan çykarylan halatlary hem bolupdy.

“Ine, häzirki geçirilýän barlagam şeýleräk bir adalatyň dikeldiljegine umyt baglamaga esas berýär” diýip, Bugaýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ol Türkmenistandaky uçurymlaryň mekdepde alan bahalarynyň ýokary okuw jaýlaryna girende o diýen bir hasaba alynmaýandygyny sözüniň üstüne goşup, mekdebi gutarýanlara “tapawutlanan şahadatnama” diýlen gutardyş şahadatnamalaryny gowşurmak däbiniň hem korrupsiýa ýol açandygyny öňe sürýär.

“Şol gowşurylýan tapawutlanan attestatlaryň sany juda köpdi, hatda şol attestatlary kimiň aljakdygyny klasdaşlary öňünden bilýärdiler – diýip, Bugaýew aýdýar. - Olar ýetişigi boýunça tapawutlanýan çagalar däl-de, eýsem hossarly çagalardy, kimdir biriniň goldawyndan peýdalanýan çagalardy.”

Jemgyýetiň öňündäki jogapkarçilik

SSSR döwründe ýokary okuw jaýlaryna her welaýata berlen kwota, orun esasynda däl-de, eýsem abuturiýentleriň giriş synaglarynda toplan ballary, mekdebi tamamlandygy baradaky şahadatnamada, attestatda goýlan bahalaryň umumy jemlerini nazara almak bilen kabul edilýärdi.

Orsýetli pedagog Serdar Ataýew öňki sowet republikalarynyň bir toparynda sowet bilim däpleriniň dowam etdirilýändigini aýdýar. Şeýle-de ol attestatlardaky bahalary galplaşdyrmagyň Orsýetde, Ukrainada, Belarusda hem bardygyny, ýöne metbugat belli bir derejede azat bolansoň, ene-atalaryň bu meselede gözçykgynçlyk edilmegine ýol bermeýändiklerini aýtdy.

Onuň pikiriçe, türkmenistanly ene-atalar, mugallymlar hem bu meselede örän eserdeň bolmaly.

“Türkmenistany galdyrjak bolsaň, her bir adam öz aladasyny etmeli däl-de, jemgyýetiň aladasyny etmeli – diýip, pedagog Ataýew aýdýar. - Sebäbi biziň hemmämiziň ýaşaýan ýerimiz-dä şol, biziň Türkmenistanymyzyň ösmegi üçin her bir adamyň öz ýerini almagy gerek, her bir adamyň öz ýerinde oturmagy gerek.”

Türkmenistanda şu ýyl 110 müňe golaý oglan-gyzyň orta mekdebi tamamlandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG