Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO ýaranlygy Türkiýe bilen raýdaşdygyny aýdýar


NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen çykyş edip, Ankaranyň Siriýa bilen gapma-garşylygynda Ýaranlygyň “Türkiýäniň gapdalynda” durjakdygyny aýtdy. Geçen hepdäniň anna güni Siriýada Türkiýäniň uçary urlup düşürilenden soň, dartgynlylyk ýüze çykypdy.

Rasmussen NATO-nyň Demirgazyk Atlantik Geňeşinde çykyş edip, Ýaranlygyň howpsuzlygynyň “bölünmejek” bir zatdygyny hem belläp geçdi.

Emma mejlisde Ýaranlygyň düzgünnamasynyň 5-nji maddasy barada gürrüň edilmedi. Şol madda görä, ýaraglandyrylmadyk uçaryň urulmagy gönüden-göni Ýaranlyga garşy hüjüm hökmünde häsiýetlendirilýär.

Bu aralykda sişenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan çykyş edip, mundan beýläk türk harbylarynyň ýurduň serhet araçäklerini bozan Siriýanyň esgerlerine garşy degişli çäreleri görjekdigini aýtdy.

"Soňky bolan wakalardan soň, ýagdaýlar başga bir tapgyra geçdi. Biz Siriýa režiminiň Türkiýäniň serhet araçäklerinde döredýän howatyrlyklaryny jogapsyz goýmarys” diýip, Erdogan parlamente eden ýüzlenmesinde belledi.
XS
SM
MD
LG