Sepleriň elýeterliligi

Tähran nebit embargosynyň gepleşiklere oňaýsyz täsir edip biljekdigini aýdýar


Eýran Ýewropa Bileleşiginiň girizen nebit embargosynyň, Tähranyň dawaly ýadro programmasy boýunça gepleşiklere “oňaýsyz täsirini” ýetirip biljekdigini aýtdy.

Bu barada Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ramin Mehmanparast sişenbe güni eden çykyşynda duýdurdy. Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalary 1-nji iýuldan güýje girýär.

Mundan öň, geçen hepdede Tähranyň ýadro programmasy bilen bagly Moskwada gepleşikler geçirilipdi. Eýran resmileriniň we dünýäniň iri alty döwletiniň arasyndaky şol gepleşikleriň netijesinde, uly öňegidişligi gazanmak başartmady.
XS
SM
MD
LG