Sepleriň elýeterliligi

Belarusyň prezidenti resmi sapar bilen Karakasa bardy


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko resmi sapar bilen Wenesuela bardy.

Paýtagt Karakasda Lukaşenkonyň öz kärdeşi Ugo Çawez bilen gepleşikler geçirmegine garaşylýar.

Wenesuela Latin Amerikasyndaky döwletleriň arasynda Belarusyň iň uly hyzmatdaşlarynyň biri.

“Itar-tass” habar agentliginiň berýän maglumatyna görä, iki ýurduň özara söwda gatnaşyklary soňky ýyllaryň dowamynda artypdyr. 2006-njy ýylda bu 6 million dollar bolan bolsa, 2011-nji ýylda bu görkeziji 1.3 milliard dollar bolupdyr.

Wenesueladan öňinçä Belarusyň lideri Kubada bolupdy. Ol ýerde Lukaşenko özüniň kubaly kärdeşi Raul Kasto bilen gepleşikler geçirdi. Resmi maglumata görä, bu iki ýurduň özara ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklary 50 million dollara deň. Wenesueladan soň Lukaşenko Ekwadora sapar eder.
XS
SM
MD
LG