Sepleriň elýeterliligi

Nawalnynyň “Twitter” hasabyna hüjüm edilipdir


Prezident Wladimir Putine garşy çykýan Ors[etiň oppozisiýa liderleriniň biri Alekseý Nawalnynyň sözlerine görä, onuň “Twitter” we e-mail hasaplaryna haker hüjümi bolupdyr.

Nawalnynyň sözüne laýyklykda, derňew komitetiniň onuň öýünden alan kompýuterleriniň we elektron enjamlarynyň üsti bilen bu hüjüm amala aşyrlypdyr. Derňew komiteti bu aýyplamany ret edýär.

Orsýetiň derňew komiteti 11-nji iýunda Nawalnynyň öýünde gözleg işlerini geçiripdi. Bu 6-njy maýdaky protestlerde dörän bidüzgünçilikler bilen baglylykda geçirilýän derňew işleriniň çäklerinde amala aşyrylypdy.
XS
SM
MD
LG