Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda bikanun neşe serişdeleri ýok edildi


Türkmenistanda ele salnan bikanun neşe maddalarynyň 635 kg. golaýy ýok edildi. Bu barada “AP” habar gullugy Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyna salgylanyp maglumat berýär.

Ýok edilen neşe serişdeleriniň aglabasy tirýek bolup, olaryň arasynda geroin we beň ýaly maddalar hem bar.

Türkmenistanda neşekeşleriň sany barada takyk maglumat bolmasa-da, soňky ýyllaryň dowamynda neşe serişdelerini ulanyjylaryň göz-görtele azalandygy barada informasiýa gowuşýar.
XS
SM
MD
LG