Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystanynyň ýeke-täk aýal sportsmeni ýaryşdan çekildi


Saud Arabystanyndan tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmeli ýeke-täk aýal maşgala ýaryşa gatnaşmaz. At ýaryşlarynda çykyş edýän 20 ýaşly Dalma Malhasyň atyna şikes ýetendigi aýdylýar.

Mundan öň, saud resmileri taryhda ilkinji gezek aýal maşgalalara ýaryşlarda gatnaşmaga rugsat berýändigini mälim edipdi.

Saud Arabystanynyň konserwatiw musulman jemgyýetinde aýal maşgalalar häzire çenli sport çärelerine gatnaşdyrylman, çetde tutulýardy.

Käbir tassyklanmadyk maglumatlara görä, eger-de Saud Arabystany aýal sportsmenlerine ýaryşlara gatnaşmaga rugsat bermese, onda patyşalygyň ähli sportsmenleriniň Londondaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdyrylman bilinjekdigi duýdurlypdyr.

Londondaky Olimpiýa oýunlary 27-nji iýulda başlanýar.
XS
SM
MD
LG