Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Awaza": hususyýetçilikden döwlet eýeçiligine


5 ýyldyzly myhmanhanalaryň 8 sanysy gurlup, ulanyşa tabşyryldy.
5 ýyldyzly myhmanhanalaryň 8 sanysy gurlup, ulanyşa tabşyryldy.
“Awazany” gelim-gidimli syýahatçylyk zolagyna öwürmek baradaky tagalla ençeme ýyldan bäri dowam edýär.

Edil häzirki döwürde turistleriň ünsüni özüne o diýen çekip bilmeýänem bolsa, bu işiň başa barmagy üçin, döwlet gaznasyndan milionlarça dollar serişde goýberildi. 5 ýyldyzly myhmanhanalaryň 8 sanysy gurlup, ulanyşa tabşyryldy. Fontanlar bilen bir hatarda zolagyň turistik keşbini gözelleşdirmek üçin, emeli derýa guruldy. Türkmenbaşy şäheriniň aeroporty täzeden gurlup, ol halkara derejesindäki howa menziline öwrüldi. Şäheriň köçeleriniň köpüsi abatlaşdyrylyp, bu şäher bilen “Awazanyň” arasynda täze ýol guruldy.

Resmi çeşmeleriň maglumatyna görä, bu proýektleri amala aşyrmak üçin, 2007-nji ýyldan bäri döwlet gaznasyndan 1,4 milliard dollar serişde goýberilipdir. “Awazada” gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň sanyndan çen tutulsa, gurluşuklar üçin ýene birnäçe milliard dollaryň goýberilmegi mümkin.

Türkmenbaşy şäheriniň aeroporty täzeden gurlup, ol halkara derejesindäki howa menziline öwrüldi.
Türkmenbaşy şäheriniň aeroporty täzeden gurlup, ol halkara derejesindäki howa menziline öwrüldi.
Eýsem bu proýekt we oňa goýberilen serişdeler ýerli halkyň durmuşyna nähili täsir ýetirdi? Bu soraga häzirki döwürde dürli garaýyşlar bar. Käbir adamlar syýahatçylyk şäherçesiniň getirjek bähbidine şübheli garaýan bolsalar, “Awazanyň” alkymynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň käbir ýaşaýjylarynyň garaýyşlary pozitiw. Türkmenbaşynyň ýaşaýjysy Şöhrat hem olardan biri.

“Meniň aýlygym 600 manat. Ýöne munuň daşyndan müşderileriň göwnünden çykaran “çaý” pullaram az däl” diýip, ol aýdýar.

“Awaza” dynç almaga barýan adamlary ulag bilen üpjin edýän taksiçiler hem öz ýagdaýlaryndan hoşal. “Awazada” syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň Türkmenbaşy şäheriniň transport infrastrukturasyna hem belli derejede oňyn täsir ýetirendigini görmek bolýar.

Emma “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň ýerli ilata ýetiren täsirine negatiw baha berýänlerem bar. Beýle garaýyşda bolanlar esasanam “Awazadaky” daçalary ýumrulan ýerlileriň käbiri.

“Şol daçamy gurmak üçin, men birnäçe ýyllap köp çykdajy etdim. Daçam ýumrulansoň döwletden hiç hili kompensasiýa alyp bilmedim” diýip, orta ýaşly orta mekdebiň mugallymy Kakabaý aýdýar.

“Awazada” gurlan myhmanhanalaryň ornunda öň ýerli ýaşaýjylaryň daçalary bardy. Häzir ol ýerde şol daçalaryň bolandygyny ýatladýan hiç bir alamat galmandyr. “Awazadaky” daçalaryny bu ýere dynç almaga gelýänlere kireýine bermek Türkmenbaşynyň ýaşajylary üçin goşmaça girdeji bolýan eken.

“Diňe maňa däl, eýsem “Awazada” daçasy bolan beýleki türkmenbaşylylar üçinem şol daçalar goşmaça gazanç çeşmesidi. Şol wagt her dynç alyş möwsüminde daçamy günine 40-50 dollaryna kireýine berip, gowy gazanç edip bilýärdim, “Awazanyň” täzeden gurulmagy meni şol gazanjymdan mahrum etdi” diýip, Kakabaý aýdýar.

“Awazada” gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň sanyndan çen tutulsa, gurluşuklar üçin ýene birnäçe milliard dollaryň goýberilmegi mümkin.
“Awazada” gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň sanyndan çen tutulsa, gurluşuklar üçin ýene birnäçe milliard dollaryň goýberilmegi mümkin.
Aşgabatly synçy Aşyrguly Baýryýewiň aýdanlaryndan çen tutulsa, “Awazada” we onuň töwereginde 15 müň çemesi daça weýran edilipdir. Şol daçalaryň ýykylmagy bolsa, ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, ýerli ilaty ykdysadyýetiň turistik sektoryndan belli bir derejede çetleşdiripdir.

Täze gurlan myhmanhanalaryň ählisi hökümet edaralarynyň eýeçiliginde. Şol sebäpden, ýerli ilatyň bu sektorda diňe taksiçi, myhamnahanalaryň hyzmat ediş personaly ýa-da beýleki obýektleriň gurluşygynyň işgärleri bolup işlemäge mümkinçiligi bar.

“Indi “Awazada” turizm biznesinden gelýän girdeji döwletiň jübüsine gidýär. Bu ýerleriň eýeleri bizdik, indi şol turizm zolagyndaky gurlan we gurulýan obýektlerde hyzmat edýän hyzmatkäre öwrüldik. Bu syýahatçylyk zolagyndan ýerli ilata gelýän girdeji örän ujypsyz” diýip, Kakabaý aýdýar.

“Awazadaky” myhmanhanalaryň ählisi döwlet edara-kärhanalaryna hem-de pudak edaralaryna degişli bolansoň, ol ýerde gurulýan kafelerdir restoranlary kärendä almakda hem dürli kynçylyklaryň bardygyny Kakabaý sözüniň üstüne goşdy.

Emma, muňa garamazdan, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlaryň köpüsi Awzadaky syýahatçylyk zolagynyň gelejekde Türkmenbaşy şäherine we onuň ilatynyň durmuşyna oňyn täsir etjekdigine umyt edýärler.
XS
SM
MD
LG