Sepleriň elýeterliligi

Täjik haj zyýaratçylarynyň başdan geçirmeleri


Täjigistandan Mekgä barýan uzak, agyr ýoly doly pyýada geçmäge synanyşýan ýedi adamly toparyň agzalary.

Täjigistandan Mekgä barýan uzak, agyr ýoly doly pyýada geçmäge synanyşýan ýedi adamly toparyň agzalary.

Täjigistanly bir topar adam öz maksatlaryna ýetmek üçin Mekgä pyýada zyýaratlaryny dowam etdirýärler. Täjigistandan Mekgä barýan uzak, hupbatly ýoly doly pyýada geçmäge synanyşýan ýedi adamly bu toparyň syýahaty maý aýynda başlapdy.

Toparyň baştutany Abdulaziz Rejepowyň pikiriçe, “Talyban bilen ýönekeý bolmadyk duşuşyk, NATO güýçleriniň barlag nokady bilen gabatlaşmak we Balh welaýatynyň häkiminiň ajaýyp köşgündäki agşamlyk nahary” hepdäniň esasy wakalarydyr.

Saparlarynyň başynda beren maglumatlaryna görä, olar bu syýahatlaryny şu ýylyň oktýabr aýyna gabat gelýän haj zyýaraty günlerinde tamamlamagy göz öňünde tutýarlar. Ýöne topar bize, munuň nesibä we nätanyşlaryň dostlukly gatnaşyklaryna bagly boljagyny aýdypdy.

Rejepowyň aýtmagyna görä, olar Balh welaýatynyň paýtagty bolan taryhy şäher Mazary Şerifde welaýatyň häkimi Ata Muhammet Nurdan agşamlyk naharyna garaşylmadyk çakylyk alypdyrlar.

Olar özleriniň, Mazary Şerife gelendikleri baradaky maglumatyň, birnäçe gije metjitlerde ýatyp, ýerli halk bilen duşuşandyklary sebäpli, agyzdan-agyza geçip, häkime ýetendigini çak edýärler.

Toparyň baştutany Rejepowyň aýtmagyna görä, Ata Muhammet Nuruň köşgündäki tanyşdyryş dabarasyndan soň, bir aý bäri ýönekeý naharlar bilen oňşuk edip gelen bu topara ýörite taýýarlanylan lezzetli naharlar hödürlenipdir.

Şeýle hem olaryň nagt pullary gutarandygy üçin, häkim olara birnäçe gün işlemegi we olara syýahatlaryny dowam edip biler ýaly zähmet hakyny bermegi teklip edipdir.

NATO esgerleri

Olary açyk göwünli garşylan ýerleriň ýene biri Owganystanyň Demirgazygynda ýerleşýän Şybyrgan şäherindäki NATO güýçleriniň barlag nokady bolup, Rejepowyň aýtmagyna görä, olar şol ýerde harbylar tarapyndan saklanyp barlanypdyrlar.

“Esgerler iňlisçe gepleýärdiler, biz olara diňe parsça hem-de rusça bilýändigimizi aýtdyk. Olar terjimeçi getirdiler. Biz olara Täjigistany, Owganystany, Eýrany, Yragy we Saud Arabystanyny pyýada geçip, haj zyýaratyna barýandygymyzy aýtdyk” diýip, Rejepow Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. “Ýöräp geçýän uzak ýolumyzyň dowamynda, ýol ugrundaky taryhy, medeni we dini ýadygärliklere zyýarat edýändigimizi aýtdyk. Onsoň olar: “Siz syýahatçy ekeniňiz” diýip, biziň bilen hoşlaşyp, gitmegimize rugsat berdiler hem-de bize suw we ýol üçin birnäçe zerur zatlary berdiler”.

Şondan soň olaryň öňünde asla islemeýän duşuşyklary bardy. Rejepow bu barada şeýle diýdi: “Bizi Talyban saklady, olar bizi öldürerler öýtdük, ýöne olar biziň ýanymyzda haja gitmek üçin gerekli zatlary görenlerinden soň, bize gitmäge rugsat berdiler”.

Täjigistanyň günortasynda ýerleşýän öýlerini terk edip gaýdan topar indiki duralga bolan Eýrana ýakynlaşýar.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG