Sepleriň elýeterliligi

logo-print
Garaşsyzlygymyzyň başky ýyllarynda ylmy edaralaryň köpçülikleýin ýapylmagy netijesinde ylmy düşünjesi bolmadyk nesil kemala gelip ugrady. 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymyndan orta mekdepleriň on ýyldan dokuz ýyla getirilmegi, üstesine hem okuw programmalarynyň aşa syýasatlaşdyrylyp, bilim diýen düşünjä dahyly bolmadyk “Ruhnamanyň” okuw jaýlarynda sapak hökmünde okadylmagy ýaşlary uly derejede sowatsyz goýdy.

Ýöne Türkmenistanda nesli hakynda alada edýän maşgalalarymyz çagalaryny ylymly-bilimli etmek üçin, mümkinçiliklerine görä, olara tölegli ylym-bilimiň dürli ugurlaryny öwretdiler. Mümkinçiligiň çäklidigine garamazdan, şol döwürde hem daşary ýurtlarda okap ylym-bilim alan ýaşlarymyz az bolmady. Ýaşlaryň dünýä dillerini bilmäge ýykgyn edendiklerini hem aýtmak gerek. Häzir üç-dört sany daşary ýurt dilini suwara bilýän ýaşlarymyz näçe diýseň bar.

Nyýazow döwründe hem öz ukyp başarnygy bilen sowatly bolan, azyndan üç-dört dili bilýän ýaşlarymyzyň onlarçasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Milli golýazmalar, Dil -edebiýat, Taryh instutlaryna işe alyndy. Milli golýazmalar instutyna işe alnan ýaşlara, Nyýazowyň islegi boýunça, orta asyrlarda arap halyflarynyň (şalarynyň), Gaznalylaryň, Seljuklaryň döwlet dolandyryşy, olaryň alyp baran söweşleri hakyndaky maglumatlary özünde jemleýän kitaplary arap-pars dillerinden köpçülikleýin terjime etdirdiler. Şonuň üçin, ylmy tejribesi bolmasa-da, Milli golýazmalar instutynda we “Miras” merkezinde işleýän ýaşlarymyzyň içinde arap-pars, hatda Ýewropa ýurtlarynyň dillerinden Gündogaryň taryhyna, medeniýetine degişli, esasanam, türkmene dahylly hasap edilen uly göwrümli dört-baş kitaby terjime edip, çap etdiren ýaşlarymyz barmak büküp sanardan köp.

Garaz, sowatly ýaşlarymyz arassa ylym bilen meşgullanmasalaram, şol ugurdan belli bir tejribe gazandylar. Tejribeli alymlarymyzyň özara söhbetdeşlikde tassyklamagyna görä, sowatly ýaşlarymyzyň ukybyny ylma gönükdirip, olara halypa alymlarymyzyň ylym tejribesi öwredilse, hut ýaşlaryň-halypalaryň utgaşan ylym gory bilen türkmen ylmyny doly döwrebaplaşdyrmak mümkin.

Halypa alymlar türkmen ylmyny ösdürmek, ýaşlarymyzy ylma höweslendirmek üçin, olara mümkin bolan şertleriň döredilip, ylym pudagynda halypa–şägirtlik mekdebiniň ýola goýuljakdygyna umyt edýärler. Olaryň pikiriçe, muny döwür talap edýär.

Döwlet Mäneli türkmen alymynyň, ýerli synçynyň edebi lakamy. Blogdaky maglumatlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG